Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
Syýasy habarlar
1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
Çap edildi 01.06.2020
1367

Gadyrly çagalar! Men siziň ähliňizi Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, bagt we uly üstünlikler arzuw edýärin. 1-nji iýunda dünýäniň köp ýurtlarynda bu sene çagalaryň baýramy hökmünde bellenilýär. Ol diňe bir tomus paslynyň we mekdep okuwçylarynyň dowamly tomusky dynç alşynyň ilkinji güni bolmak bilen çäklenmän, körpe nesliň geljegi üçin has uly ähmiýetli senedir. Çagalaryň hukuklaryny goramak Türkmenistanyň goşulan köp sanly halkara resminamalarynyň we kararnamalarynyň, şol sanda Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýanyň hökmany şerti bolup durýar. Bu Konwensiýada çagalaryň durmuşa hukugy, doly ösmäge bolan hukugy, zyýanly täsirlerden goranmaga hukugy, özlerine geleňsizlik bilen garalmagyndan hem-de özleriniň zähmetini peýdalanmakdan goranmaga hukugy we maşgala, medeni hem-de ýaşaýyş-durmuş işlerine hemmetaraplaýyn gatnaşmak hukugy ýaly çagalaryň esasy hukuklary göz öňünde tutulýar. Türkmenistan 1994-nji ýylda Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýany tassyklady. Şol günden bäri ÝUNISEF saglygy goraýyş, bilim, durmuş goraglylygy we çagalary goramak hem-de howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ulgamda çagalaryň durmuşynda oňyn özgertmelere ýetmek ugrunda Türkmenistanyň Hökümeti bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Çaganyň irki ösüşi şeýle möhüm ugurlaryň biridir. Biz bu ugurda ýakyn gatnaşyklary ýola goýduk, munuň özi çagalaryň durmuşynyň başky pursatlarynda olaryň mümkinçiliklerini doly açmak üçin iň gowy şertleriň döredilmegini üpjün etmegiň açarydyr. ÝUNISEF ýakyn wagtlarda kabul edilen iki maksatnamanyň işlenip taýýarlanylmagyny goldandygyna buýsanýar, bu maksatnamalar çaganyň irki ösüşi babatynda ähli hyzmatdaşlaryň ornuny kesgitleýär: olar Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň ahyrynda makullan Çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa hem-de geçen hepdede kabul edilen Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasydyr. Men çaganyň irki ösüşi we olary okatmak ulgamynda netijeleri gazanmak üçin ygtybarly syýasy binýady üpjün etmek boýunça yzygiderli tagallalary üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyk bildirmek we ÝUNISEF-niň geljekde hem bu işleri goldamaga taýýardygyny tassyklamak isleýärin. Çaganyň hukuklary ulgamynda gün tertibini ilerletmek üçin Türkmenistanda ähli mümkinçilikler bar. 2017-nji ýyldan bäri Türkmenistan ÝUNISEF-niň Ýerine ýetiriji geňeşiniň düzümine girýär. 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümeti çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça hereketleriň Milli meýilnamasyny kabul etdi. Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy bilen baglylykda, şu ýylda hem Türkmenistan Çaganyň hukuklary boýunça komitete özüniň nobatdaky döwürleýin hasabatyny berer. Biz bu möhüm başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi boýunça hyzmatdaşlygymyza buýsanýarys hem-de ähli çagalaryň bähbidine hyzmatdaşlygymyzyň giňeldiljekdigine umyt edýärin. Parasatly türkmen nakylynda «Bal süýji, baldan-da bala süýji» diýlip, örän jaýdar aýdylýar. Çagalar — biziň geljegimiz. Geliň, ähli çagalaryň öz hukuklaryndan peýdalanyp bilmegi, sagdyn bolmagy, döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanmagy, her gün özleri üçin nähilidir bir täzelikleri açmagy hem-de öz dostlary we maşgalasy bilen jebislikde ýaşamagy üçin bilelikde işläliň! Geliň, çagalarymyzyň çagalygyň lezzetini görmegi üçin jebisleşeliň! Men ÝUNISEF-niň ähli işgärleriniň adyndan Türkmenistanyň ähli çagalaryny we ene-atalary Çagalary goramagyň halkara güni bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Kristin Weýgand, ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow