Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar
Çap edildi 29.05.2020
889

Şu gün Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasy hem-de onuň sebitleri, şol sanda Astrahan oblasty bilen netijeli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi. Russiýa tarapy, öz nobatynda, deňizýaka sebitiň iri senagat, energetika, gämigurluşyk we beýleki pudaklarynyň ozal gazanylan ylalaşyklaryň, şeýle hem geljegi uly taslamalaryň çäklerinde türkmen hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, Telekeçilik meseleleri boýunça türkmen-astrahan bilelikdäki geňeşiň ähmiýetli orny bellenildi. Onuň alyp barýan işleri iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasyndaky netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine hyzmat edýär.

* * *
Şu gün Mejlisde wideomaslahat görnüşinde ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň ýolbaşçysy, Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň müdirliginiň direktory Matsuşito Şinpeý bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň dünýä giňişliginde, halkara düzümlerde alyp barýan netijeli daşary syýasy işleri parlamentara gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, bellenilişi ýaly, häzirki döwrüň ählumumy meselelerini — parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek babatda meseleleri çözmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi biziň parlamentarilerimiziň möhüm wezipesi bolup durýar. Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolan parlamentara hyzmatdaşlygyň şu günki ýagdaýy we ony giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, geňeşmeleri yzygiderli geçirmegiň, parlament komitetleriniň we toparlarynyň hem-de kanunlaryň taslamalary işlenip taýýarlanylanda döwrebap usullary peýdalanmak meseleleri boýunça deputatlar toparlarynyň arasynda tejribe alyşmagyň zerurdygy bellenildi.
* * *
Gyrgyz Respublikasynyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary bilen onlaýn görnüşde geçirilen duşuşygyň gün tertibine iki ýurduň işewür toparlarynyň özara bähbitli türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri girizildi. Goňşy ýurtdan bolan hyzmatdaşlar telekeçilik işine döwlet goldawy hem-de bu ulgamy giňeltmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän giň gerimli özgertmeleri bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň işiniň bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge, işleri üstünlikli geçirmek üçin şertleriň döredilmegine, daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilendigi bellenildi. Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň hyzmatdaşlygyny berkitmek bilen bagly meselelerden başga-da, telekeçiligi we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow