Şu gün Söwda-senagat edarasynyň binasynda şanly senä — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan täze neşirleriň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dürli edaralar tarapyndan taýýarlanylan kitaplaryň bu tapgyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady hem-de daşary syýasy strategiýasynyň, umumymilli hem-de pudaklaýyn maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy, ýurdumyzyň durmuşynyň ol ýa-da beýleki ulgamynda – senagatdan başlap, sungata çenli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyň netijeleri barada gürrüň açylýar. Tanyşdyrylyş dabarasyna döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň we Mejlisiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary hem-de professor-mugallymlary, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, bilim alýan ýaşlar ýygnandylar. Şeýle hem dabara halkara guramalaryň Aşgabatda işleýän wekilleri çagyryldy. Çärä gatnaşyjylar üçin kitap sergisi guraldy, onda täze neşirler bilen bir hatarda, milli Liderimiziň ylmy-köpçülikleýin işleri görkezildi. Soňra maslahatlar zalynda giň jemgyýetçiligi 25 ýylyň dowamynda Türkmen döwletiniň amala aşyran beýik işleriniň özboluşly ýylýazgysyny emele getirýän kitaplar bilen tanyşdyrmak dabarasy boldy. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, sebitiň we dünýäniň ýurtlary bilen parahatçylykly, dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de goldamak Bitaraplygyň esasy ugurlarynyň biridir. Şonuň netijesinde Garaşsyz Türkmenistan çärýek asyryň dowamynda ykdysady we durmuş ösüşiniň ýokary görkezijilerini gazanyp, öz abraýyny has-da berkitdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu mizemez gymmatlyk, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi, baş maksadymyz bolup durýar. Bitaraplyk biziň halkymyza asuda, abadan, bagtly durmuşy peşgeş berdi. Ol Garaşsyzlygyň çuňňur mazmunly maksatlaryny durmuşa geçirmegiň ygtybarly kepili bolup hyzmat edýär. Hakykatdan-da, halkara bileleşigiň giň goldawyna eýe bolan ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi Türkmenistanyň dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine çykmagynyň möhüm şertleriniň birine öwrüldi. Bu ugurda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar, her bir pudak bolsa umumy işe öz goşandyny goşýar. Ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda gazanylan üstünlikleriň syny bolup durýan täze neşirler Türkmenistanyň Prezidentiniň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny hem-de halkymyzyň bagtly durmuşyny ýokarlandyrmak üçin ähli şertleriň döredilmegine gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasatynyň esasy ýörelgelerini we wezipelerini şöhlelendirýär. Bitaraplyk saýasynda ýaşap gelinýän 25 ýylyň içinde Türkmenistan batly depginler bilen öňe tarap gitmegi başardy. Elbetde, bu ösüş netijeli halkara gatnaşyklar ýola goýulmazdan, iň gowy dünýä tejribesini özleşdirmezden, öňdebaryjy daşary ýurt tehnologiýalaryny, önümçilik enjamlaryny ornaşdyrmazdan mümkin bolmazdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan senagatlaşdyrmak syýasaty bolsa milli ösüşi innowasion ýola geçirmäge mümkinçilik döretdi. Bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti, bilim we ylym, saglygy goraýyş ulgamlaryny we beýleki ugurlary kämilleşdirmegiň tapgyrlaryny üstünlikli geçmek bilen Türkmenistan milli Liderimiz tarapyndan kesgitlenen hem-de döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak bilen bagly bolan täze wezipeleri çözmäge girişdi. Munuň özi ýurdumyzyň dünýä giňişligine düýpli goşulmagyny aňladýar, şunda halkara gatnaşyklarda Bitaraplygyň ähmiýeti syýasy dereje hem-de netijeli gural hökmünde has-da artýar. Dürli reňkli suratlar bilen ajaýyp bezelen täze neşirler üç dilde: türkmen, iňlis, rus dillerinde çap edilip, Türkmenistanyň umumy, şeýle hem pudaklar boýunça ösüşiniň aýratynlyklaryny we kanunalaýyklygyny hünär derejesinde öwrenýänler we gyzyklanma bildirýänler üçin peýdaly bolar. Bu publisistik tapgyr türkmen Bitaraplygy ýaly hukuk ýagdaýynyň hem-de ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň her bir raýatyň hem-de ähli halkyň abadançylygyna gönükdirilen syýasatynyň düýp mazmunyna, Watanymyzyň özboluşly ösüş nusgasyna has gowy düşünmäge ýardam eder.