Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň wekilleri BMG-nyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň guran wideo-duşuşygyna gatnaşdylar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň wekilleri BMG-nyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň guran wideo-duşuşygyna gatnaşdylar
Çap edildi 11.05.2020
1023

2020-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň 2022-2025-nji ýyllar üçin orta möhletli strategiýasyny taýýarlamak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly köptaraplaýyn iş maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasynyň wekilleri, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Türkmenistanyň, Beýik Britaniýanyň, Alžiriň, Litwanyň, Perunyň, Serbiýanyň, Gruziýanyň, Kanadanyň daşky gurşawy goramak boýunça ygtyýarly edaralarynyň we Daşary işler ministrlikleriniň hünärmenleri gatnaşdylar. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň wekilleri wekilçilik etdiler. Duşuşygyň dowamynda 2022-2025-nji ýyllar üçin orta möhletli strategiýasynyň işlenip taýýarlanyşy boýunça alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Öz gezeginde türkmen wekiliýeti Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyz tarapyndan daşky gurşawyň goragy ulgamyndaky öňe sürülen başlangyçlar, hususan-da BMG-niň Aral boýunça ýörite maksatnamasynyň işlenip taýýarlanmagynyň ähmiýeti barada giňişleýin belläp geçdi.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow