Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň we Ysraýylyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň we Ysraýylyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi
Çap edildi 11.05.2020
742

Şu gün şeýle hem ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň hem-de Ysraýyl Döwletiniň arasynda Daşary işler ministrlikleriniň wideomaslahat görnüşindäki geňeşmeleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine ýurdumyzyň daşary işler ministriniň orunbasary, dostlukly ýurt tarapyndan bolsa, DIM-niň baş direktorynyň orunbasary, Ýewro-Aziýa hem-de Balkan ýurtlary departamentiniň müdiri, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi Geri Koren ýolbaşçylyk etdi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini tassykladylar. Syýasy-diplomatik gatnaşyklary, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary ilerletmekde ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýeti bellenildi. Wideomaslahata gatnaşyjylar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň, türkmen we ysraýyl önümleriniň özara eksportuny artdyrmagyň mümkinçiliklerine seretdiler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň etmek bilen, taraplar oba hojalyk pudagyna, saglygy goraýyş hem-de innowasiýalar ulgamynda tejribe alşylmagyna aýratyn üns berdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň hem-de Ysraýyl Döwletiniň dostlukly gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ugur bolup durýan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Diplomatlar bu ugurdaky özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny aýratyn bellediler.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow