Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Astrahan oblastynyň gubernatory türkmen Liderine muzdsuz iberen önümleri üçin hoşallyk bildirdi
Syýasy habarlar
Astrahan oblastynyň gubernatory türkmen Liderine muzdsuz iberen önümleri üçin hoşallyk bildirdi
Çap edildi 09.05.2020
836

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Çuňňur hormatlanýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Size uly hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan hem-de öz adymdan Türkmenistanyň şu çylşyrymly döwürde biziň sebitimize zerur kömegi öz wagtynda berendigi üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etmäge rugsat ediň. Türkmenistandan gelip gowşan ýük COVID-19 boýunça aýratyn töwekgelçilik toparyndan bolan adamlara goldaw berýän edaralara, şeýle hem koronawirus ýokanjy bilen göreşýän sebitimiziň durmuş we lukmançylyk edaralaryna ugradylar. Astrahan oblastyna ýokary hilli türkmen harytlaryny muzdsuz ibermek barada gelen kararyňyz biziň ýakyn dostlukly gatnaşyklarymyzyň aýdyň mysaly bolup durýar. Türkmenistan dünýä giňişliginde biz üçin möhüm strategik hyzmatdaş bolup, biz onuň bilen gatnaşyklarymyza uly sarpa goýýarys hem-de geljekde hemmetaraplaýyn berkitmegi maksat edinýäris. Astrahan oblastyna berýän ünsüňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin hem-de köpugurly hyzmatdaşlygymyzyň dostluk we özara düşünişmek ruhunda dowam etjekdigine umyt edýärin. I.BABUŞKIN, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow