Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Saglygy goraýyş ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Syýasy habarlar
Saglygy goraýyş ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Çap edildi 08.05.2020
947

Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk» mowzugy boýunça wideomaslahat geçirildi. Onlaýn duşuşygyna birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary, syýasatşynaslar, Belarusuň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň lukmançylyk uniwersitetleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem ýurdumyzyň we dünýäniň 20 ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli ösdürilýär we kämilleşdirilýär. Milli Liderimiziň gönüden-göni ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Saglygy goraýşyň täzeçil usullary we döwrebap tehnologiýalar pudaga işjeň ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlan lukmançylyk merkezleri halkara standartlaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylýar. Daşary ýurtlaryň lukmançylyk merkezleri bilen bolşy ýaly, iri ylym-bilim edaralary bilen gatnaşyklar işjeň ýola goýulýar. Türkmenistanda «Il saglygy — ýurt baýlygy» syýasy şygardan ugur alnyp, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň başlangyçlary, milli kanunçylygyň degişli ugurlary nazara alnyp, ilatyň saglygyny goramak, dürli keselleriň öňüni almak, şolary anyklamak we bejermek boýunça maksatnama üstünlikli ýerine ýetirilýär hem-de bu ugra degişli zerur çäreler amala aşyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda howply ýokanç keselleriň, şol sanda ynsan saglygy üçin uly wehim bolup durýan täze koronawirus ýokanjynyň öňüni almak boýunça giň möçberli işler ýaýbaňlandyryldy. Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň ýokary netijä eýe bolýandygyny bellediler hem-de Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary babatda pikir alyşdylar. Ýygjam hyzmatdaşlykda adamlaryň saglygyny goramak boýunça köp sanly taslamalaryň we maksatnamalaryň amala aşyrylandygy hem-de olaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi nygtady.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow