Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi
Çap edildi 30.04.2020
1260

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň, urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlaryň görkezen deňsiz-taýsyz edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli karar edýärin: 1. Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny, urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlaryny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlary «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglamaly. 2. «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medalyny gowşurmagyň Tertibini tassyklamaly. Sylaglanylanlaryň sanawy aýratyn kitap görnüşinde çykarylar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly 75 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlarynyň, urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlaryň görkezen deňsiz-taýsyz edermenligini hem-de beýik Ýeňşi hormatlamak we dabaralandyrmak maksady bilen, şeýle hem 2018-nji ýylyň 28-nji sentýabryndaky Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Teswirnama çözgüdini göz öňünde tutup, karar edýärin: 1. Şulary tassyklamaly (goşulýar): 1) «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Düzgünnamany; 2) «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medalyny gowşurmak hakynda Gollanmany; 3) «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medalynyň şahadatnamasynyň nusgasyny. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow