Syýasy habarlar
Resmi habar
Çap edildi 30.04.2020
1159

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň hoşniýetlilik we raýdaşlyk ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle hem Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli goňşy Owganystan Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli azyk önümlerini ynsanperwer kömegi hökmünde Owganystan Yslam Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy. Daşary işler ministrligi Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegi hökmünde beriljek azyk önümleriniň iberilmegini we guramaçylykly gowşurylmagyny üpjün etmäge, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bolsa azyk önümlerini taýýarlamakda, olary ibermekde hem-de guramaçylykly gowşurmakda Daşary işler ministrligine ýardam bermäge borçly edildi.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow