Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Müsüriň we Ysraýylyň Prezidentleri türkmen Liderine Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdiler
Syýasy habarlar
Müsüriň we Ysraýylyň Prezidentleri türkmen Liderine Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdiler
Çap edildi 28.04.2020
903

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Tutuş dünýäniň musulmanlary üçin mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de dostlukly türkmen halkyna iň gowy arzuwlarymy beýan etmegi özüme uly mertebe hasaplaýaryn. Mukaddes Oraza aýy doganlyk, raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk ýaly beýik yslam gymmatlyklaryny artdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Gudraty Güýçli Allatagaladan ähli musulman ymmatyna berk jan saglyk, bagt we rowaçlyk dileg edýärin. Jenap Prezident, gadyrly doganym, goý, Beýik Biribar biziň sogap işlerimizi kabul etsin, bize rysgal-döwlet eçilsin hem-de biziň kalplarymyzy rahatlyk we sabyr-takatlylyk bilen doldursyn! Orazaňyz kabul bolsun! Belent doganlyk hormat-sarpa duýgusy bilen, Abdul-Fattah Halil As-Sisi, Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti.

***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz! Siziň halkyňyz we dünýäniň ähli musulmanlary üçin mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Ysraýyl Döwletiniň adyndan iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Mukaddes Oraza aýynyň biziň ählimiz üçin rahatlyk, parahatçylyk we iň gowy geljegi getirmegine umyt edýärin. Siziň Alyhezretiňiz, Size hem-de oraza tutýan ähli raýatlaryňyza tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Hormatlamak bilen, Reuwen RIWLIN, Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow