Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti türkmen Liderini ahal-teke bedewleriniň hatyrasyna Baýram bilen gutlady
Syýasy habarlar
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti türkmen Liderini ahal-teke bedewleriniň hatyrasyna Baýram bilen gutlady
Çap edildi 27.04.2020
1093

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Türkmenistanda Türkmen bedewiniň ajaýyp baýramçylygynyň geçirilmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Bu baýramçylyk giň meşhurlyga hem-de halkara derejä eýe boldy. Ahalteke bedewleri Siziň gadymy topragyňyzyň baky bezegi bolup, tutuş dünýäde şan-şöhrata eýe boldular. Häzir Türkmenistanda atçylygyň şöhratly däplerini dowam etmek hem-de atçylyk sportuny ösdürmek üçin ähli şertler döredildi. Bu ajaýyp baýramçylygyň şatlygyny doganlyk türkmen halky bilen paýlaşmaga hemişe şatdyryn. Gynansak-da, bu ýyl men Aşgabatda geçirilen dabaralara gatnaşyp bilmedim. Şonuň üçin Tatarystan Respublikasynyň ýaşaýjylarynyň adyndan doganlyk türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlamaga hem-de Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda öňe gitmegi we gülläp ösmegi arzuw etmäge rugsat ediň! Pursatdan peýdalanyp, Siziň ýurduňyzyň Tatarystan bilen özara gatnaşyklaryny ösdürmegine uly üns berýändigiňiz üçin çuňňur hoşallygymy beýan etmek isleýärin. Şol gatnaşyklar Russiýa Federasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendir. Çuňňur hormatlamak bilen, Rustam Minnihanow, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow