Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Çap edildi 24.04.2020
1036

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Ata Watanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hemmetaraplaýyn uly üstünlikleri gazanýar. Garaşsyz döwletimizde atçylyk pudagyny we atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini ösdürmek, merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmak, gadymdan gelýän nesil ugurlaryny dikeltmek, tohumçylygyny kämilleşdirmek we baş sanyny artdyrmak, bu ugurda daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek we ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem netijeli işler geçirilýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň oba hojalyk pudagyny we atçylygy ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, atlary ösdürip ýetişdirmekde hem-de olaryň baş sanyny artdyrmakda, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny saklamak hem-de ýokarlandyrmak işinde gazanan uly üstünlikleri we ýokary netijeleri, Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin hem-de hünär ussatlygyny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin: Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly: Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň seýisçilik bölüminiň seýsi Amanmyrat Döwletmyradowiç Muhammedowy, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň atly sport we marafon bölüminiň seýis-tälimçisi Ezberguly Orazkulyýewiç Babalyýewi, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň atly sport we marafon bölüminiň türgençisi Annadurdy Sapargeldiýewiç Ballyýewi, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň seýisçilik bölüminiň atbakary Halmyrat Nurlyýewiç Nurmyradowy, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň seýisçilik bölüminiň atbakary Amannazar Allaberdiýewiç Musaýewi, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atçylyk bölüminiň atbakary Ýeňişmyrat Gurbanmyradowiç Nazarmyradowy, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Akguýy geňeşliginden hususy atşynas, seýis Amangeldi Maýjanowy, Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Daşlyk geňeşliginden hususy atşynas, seýis Jumakul Hanowiç Şukurowy, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň «Awçy» daýhan birleşiginiň kärendeçisi, seýis Musa Isaýewiç Nuryýewi, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Ruhubelent geňeşliginden hususy atşynas, seýis Yhlas Hojageldiýewiç Potraýewi; Ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmaly: Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň önümçilik atçylyk bölüminiň uly atbakary Sähetmyrat Kazakowa, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň önümçilik atçylyk bölüminiň uly atbakary Mämmetmyrat Amangulyýewiç Gazakowa, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň seýisçilik bölüminiň seýsi Toýly Jumaýewiç Pirmyradowa, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atçylyk bölüminiň seýsi Hojamberdi Öwezowa, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atly sport we atly syýahat bölüminiň seýis-tälimçisi Gurbangeldi Seýitnazarowiç Seýidowa, Aşgabat şäherinden hususy atşynas, seýis Goçmyrat Ýazgeldiýewiç Durdymyradowa, Aşgabat şäherinden hususy atşynas, seýis Merdan Annaýewiç Gurbangulyýewe, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Abadan» daýhan birleşiginiň atçylyk fermasynyň kärendeçisi, seýis Mergen Halmyradowiç Baýramowa, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Ýalkym» daýhan birleşiginiň kärendeçisi, hususy atşynas, seýis Annamuhammet Şaberdiýewiç Agahanowa, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Balkan welaýat şahamçasynyň pensiýa paýlaýjy gaznaçysy, seýis Halykberdi Ýagmyrowa, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi, seýis Taçmurad Dowulbaýewe, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi, seýis Aganýaz Durdyýewiç Myradowa, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Mary döwlet athanasynyň seýsi Agajan Taňrykulyýewe. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 24-nji apreli.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow