Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Çap edildi 24.04.2020
971

Daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ugurlar boýunça ösdürmekde öňde duran belent wezipeleri amala aşyrmak ugrunda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetilýär. Güneşli Diýarymyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge döwlet derejesinde örän uly ähmiýet berilýär. Gözelligiň hem-de kämilligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça hem köp işler ýerine ýetirilýär. Bu ugurda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary hem atçylygy ösdürmekde, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmakda we tohum arassalygyny gorap saklamakda netijeli işleri alyp barýarlar. Atçylygy ösdürmäge goşan saldamly goşantlaryny, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny saklamakda hem-de şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda bitiren hyzmatlaryny, hünär ussatlyklaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, KARAR EDÝÄRIN: Şu daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmaly: Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Jeýkob Ferdezuçt GBR» atçylyk firmasynyň direktory Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakob Geb.Şraýnere, Wengriýanyň ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Ýožef Gýula Nýeke. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 24-nji apreli.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow