Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan — Gruziýa: özara bähbitli hyzmatdaşlyk berkidilýär
Syýasy habarlar
Türkmenistan — Gruziýa: özara bähbitli hyzmatdaşlyk berkidilýär
Çap edildi 02.04.2020
1061

Türkmenistanyň we Gruziýanyň wekilleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen maslahatyň barşynda iki dostlukly ýurduň we halklaryň bähbidine türkmen-gruzin gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, şol sanda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň barşy hem-de dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Bitarap Türkmenistan gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi, şol sanda Gruziýa bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr. Ýurdumyzy Gruziýa bilen öňden gelýän dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Soňky ýyllarda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ygtybarly esas goýdy. Uzak möhletleýin esasda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmakda bilelikdäki Hökümetara topara möhüm orun degişlidir. Bu toparyň işi dürli ulgamlarda, şol sanda işewür düzümleriň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge ýardam etmelidir. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen wideokonferensiýa ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň, birnäçe agentlikleriň hem-de ulag-logistika merkezleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Gruziýa tarapyndan wideokonferensiýa daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwili, ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary, maliýe ministriniň orunbasary hem-de agentlikleriň we kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Şeýle hem wideokonferensiýa Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, iki döwletiň çäk taýdan amatly ýerleşmegi hem-de taraplaryň bähbitleriniň umumylygy Hazar we Gara deňiz sebitleriniň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak arkaly multimodal ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça tagallalary netijeli birleşdirmek üçin oňaýly şertleri döredýär. Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça Lazurit ulag geçelgesiniň taslamasy munuň aýdyň mysalydyr. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitara derejede goşulyşmak üçin giň mümkinçilikleri üpjün edip, tutuş Ýewraziýa giňişliginde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wideokonferensiýanyň barşynda ulag-üstaşyr ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Taraplar “Hazar deňzi — Gara deňiz” halkara ulag geçelgesini işjeňleşdirmäge üns berdiler we logistika ulgamynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagyň wajypdygyny bellediler.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow