Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Çap edildi 23.03.2020
972

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Mohammad Aşraf Ganini Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli gutlady. Milli Liderimiz gutlagynda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky özara hormat goýmagyň, ynamyň hem-de ýakyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesine esaslanýan däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Mohammad Aşraf Ganä berk jan saglyk we bagtyýarlyk, şeýle hem doganlyk Owganystanyň öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbidine ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikler arzuw etdi.

* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganä we ähli doganlyk owgan halkyna Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi we abadançylyk hem-de ösüş baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Milli Liderimiz gutlagynda Nowruz baýramynyň parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy, raýdaşlygy we tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagy alamatlandyrýandygyny, täze günüň, täze başlangyjyň buşlukçysy bolup durýandygyny belledi. Bütin adamzadyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilen bu nurana baýram belent ynsanperwerlik maksatlaryny özünde jemlemek bilen, halklaryň arasynda agzybirligi we dostlugy pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ajaýyp baýramçylygyň goňşy ýurduň Baştutany hem-de ähli doganlyk owgan halky üçin bagtyýarlyk, şatlyk hem-de täze üstünlikleriň baýramyna öwrülmegini arzuw etdi.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow