Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanynyň adyna hatlar gelip gowuşdy
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanynyň adyna hatlar gelip gowuşdy
Çap edildi 21.03.2020
802

Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti, Jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Nowruz baýramy mynasybetli Size we Türkmenistanyň halkyna öz adymdan hem-de azerbaýjan halkynyň adyndan iň gowy arzuwlarymy iberýärin. Tebigata täze öwüşgin we ösüş eçilýän bu baýramçylyk adamlary asylly işlere çagyrýar. Ýaňy-ýakynda Siziň Azerbaýjana bolan resmi saparyňyzyň çäklerinde geçirilen duşuşygy hem-de giň ugurlar boýunça guralan pikir alyşmalary ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň halklarymyzyň erkine laýyklykda mundan beýläk-de berkidiljekdigine we giňeldiljekdigine ynanýaryn. Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, alyp barýan işleriňizde üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin. Hormatlamak bilen, Ilham Aliýew, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *
Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti, Jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Sizi we Türkmenistanyň tutuş halkyny ählihalk baýramçylygy bolan Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Tutuş adamzada hoşniýetlilik eçilýän we hoşniýetliligi, nurana ýörelgeleri alamatlandyrýan Nowruzyň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellemeli. Goý, halklarymyz üçin umumy bolan bu ajaýyp baýramçylyk dostlukly ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrsyn we şatlyk hem-de bolçulyk getirsin. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde, Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan wajyp hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirýärin. Bu ajaýyp baýramçylyk gününde hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size döwletiňiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen asylly başlangyçlaryňyzda üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Hormatlamak bilen, Kasym-Jomart Tokaýew, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti, Jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz, Sizi Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, alyp barýan işleriňizde üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin. Hormatlamak bilen, Salome Zurabişwili, Gruziýanyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti, Jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz, Sizi Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size köpmüňýyllyk taryhy bolan we doganlygyň, bagtyýarlygyň, parahatçylygyň hem-de abadançylygyň nyşany hökmünde taryhda möhüm orun eýeleýän Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglarymy uly şatlyk bilen iberýärin. Baharyň gelendigini, tebigatyň janlanýandygyny alamatlandyrýan Nowruzyň halklaryň arasyndaky raýdaşlyk hem-de doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy, hemmelere bolçulyk, abadançylyk we parahatçylyk eçilmegini arzuw edýärin. Siziň Alyhezretiňiz, Sizi Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berýän goldawyňyz we goşandyňyz üçin hoşallyk bildirýärin. Tüýs ýürekden hormatlamak bilen, Bagdat Amreýew, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretary.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow