Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 20.03.2020
1194

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de paýtagtymyzyň sil suwlaryndan goraglylygyny has-da güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň günorta tarapynda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi» paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2020-nji ýylyň mart aýynda başlamak we desgalar toplumyny 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

* * *
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem howa gämileriniň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak hem-de uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligine Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Kazanskiý wertolýotnyý zawod» jemagat paýdarlar jemgyýeti bilen: «Mi-17-1W» kysymly lukmançylyk üçin niýetlenen tiz kömek dikuçaryny, onuň ätiýaçlyk şaýlaryny, sarp ediş serişdelerini we zerur enjamlaryny satyn almak; «ANSAT» kysymly lukmançylyk üçin niýetlenen tiz kömek dikuçaryny, onuň ätiýaçlyk şaýlaryny, sarp ediş serişdelerini we zerur enjamlaryny satyn almak, şeýle hem hünärmenleri okatmak barada we dikuçary Türkmenistana getirmek şertinde şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow