Syýasy habarlar
Resmi habar
Çap edildi 19.03.2020
1091

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryndan hem-de ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, goňşy Eýran Yslam Respublikasynda ýiti öýken sowuklama keseliniň ýaýramagy sebäpli, bu ýurduň ilatyna ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli saglygy goraýyş maksatly serişdeleri hem-de azyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Eýran Yslam Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy. Daşary işler ministrligi Eýran Yslam Respublikasyna ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberiljek saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň hem-de azyk önümleriniň iberilmegini we guramaçylykly gowşurylmagyny üpjün etmäge borçly edildi. Degişli ministrliklere hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberiljek saglygy goraýyş maksatly serişdeleri we azyk önümlerini taýýarlamakda, ibermekde hem-de guramaçylykly gowşurmakda Daşary işler ministrligine ýardam bermek tabşyryldy.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow