Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň Sankt-Peterburg şäherine sapary
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň Sankt-Peterburg şäherine sapary
Çap edildi 20.02.2020
996

Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 18-20-nji fewraly aralygynda Sankt-Peterburg şäherinde boldy. Saparyň çäklerinde Sankt-Peterburg şäheriniň Gubernatory A.D.Beglow bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagy, şol sanda gurluşyk we senagat ulgamyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi boýunça pikirleri alyşdylar. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Russiýanyň iri senagat, ylym-bilim we medeni merkezleri bilen gatnaşyklaryny işjeň ösdürýändigi bellenilip geçildi. Hyzmatdaşlygyň giň ugry boýunça yzygiderli we netijeli gatnaşyklaryň ösdürilýän sebitleriň biri hem Sankt-Peterburg şäheri bolup durýandyr. Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Sankt-Peterburgyň birnäçe senagat we gurluşyk kompaniýalarynyň işi bilen tanyş boldy. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedowyň Sankt-Peterburga saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Soňky habarlar
09.09
Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
top-arrow