Baş sahypa
\
Sport
\
Raýdaşlyk çempionatynda türkmen agyr atletikaçysynyň üstünligi
Sport
Raýdaşlyk çempionatynda türkmen agyr atletikaçysynyň üstünligi
Çap edildi 12.02.2020
26191

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilýän Agyr atletika boýunça halkara raýdaşlyk çempionatynyň jemleýji gününde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň sylaglarynyň üsti ýene bir altyn medal bilen ýetirildi. Mary welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň agyr atletika boýunça tälimçisi Hojamuhammet Toýçyýew 109 kilogramdan ýokary derejede çykyş edip, umumylykda jemi 411 kilogram agramy göterip, altyn medala mynasyp boldy. Şunda biziň türgenimiz silterläp götermekde hem (180 kg), itekläp götermekde hem (231 kg) hemmelerden rüstem geldi. Bir gün öň ýanynda türkmenistanly agyr atletikaçylar ýurdumyzyň ýygyndy toparyna üç medal — bir kümüş we iki bürünç medal getirdiler. Mary welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdürliginiň 5-nji sport mekdebiniň agyr atletika boýunça tälimçisi Aýsoltan Toýçyýewa 87 kilogram agram derejede çykyş edip, bäsleşigiň iki görnüşinde 203 kilogram agramy galdyryp kümüş medala mynasyp boldy. Şunda türkmenistanly türgen agyrlygy silterläp hem-de itekläp götermekde ikinji netijäni görkezdi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Rüstem Annadurdyýew hem-de şu ýokary okuw mekdebiniň 4-nji ýyl talyby Pirguly Pirgulyýew agyr atletika boýunça milli ýygyndymyza bürünç medallarynyň ýene-de ikisini getirdiler. 81 kilogram agramlyk derejede çykyş eden R.Annadurdyýew iki görnüş boýunça 224 kilogram netije bilen hormat münberiniň üçünji basgançagyna, P.Pirgulyýew bolsa (89 kg.) iki görnüşde 166 kilogram agramlygy galdyryp çempionatyň bürünç baýragyna mynasyp boldy. Şeýlelikde, türkmen türgenleri ilkinji medallary 10-njy fewraldan başlap gazandylar, şonda Ýulduz Jumabaýewa 49 kilogram agram derejesinde, Seýtjan Mirzaýew 61 kilogram agram derejesinde, Kristina Şermetowa 55 kilogram agram derejesinde çykyş edip, ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň sylaglar toplumynyň üstüni üç medal (bir kümüş we iki bürünç) bilen ýetirdiler. Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen agyr atletika boýunça halkara raýdaşlyk çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli derejeli 7 medala, şol sanda bir altyn medala mynasyp boldy. Iň tapawutlanan türgenler dörtýyllygyň esasy sport ýaryşlaryna — şu ýyl Ýaponiýada geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar.

Soňky habarlar
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow