Baş sahypa
\
Sport
\
Daşkentdäki çempionatda ökdeler öňe saýlanýar
Sport
Daşkentdäki çempionatda ökdeler öňe saýlanýar
Çap edildi 11.02.2020
20443

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilýän Agyr atletika boýunça halkara raýdaşlyk çempionatynyň nobatdaky gününde Türkmenistanyň ýygyndysy ýene-de üç medala mynasyp boldy. Mary welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty baş müdürliginiň 5-nji sport mekdebiniň agyr atletika boýunça tälimçisi Aýsoltan Toýçyýewa 87 kilogram agram derejede çykyş edip, bäsleşigiň iki görnüşinde 203 kilogram agramy galdyryp kümüş medala mynasyp boldy. Şunda türkmenistanly türgen agyrlygy silterläp hem-de itekläp götermekde ikinji netijäni görkezdi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Rüstem Annadurdyýew hem-de şu ýokary okuw mekdebiniň 4-nji ýyl talyby Pirguly Pirgulyýew agyr atletika boýunça milli ýygyndymyza bürünç medallarynyň ýene-de ikisini getirdiler. 81 kilogram agramlyk derejede çykyş eden R.Annadurdyýew iki görnüş boýunça 224 kilogram netije bilen hormat münberiniň üçünji basgançagyna, P.Pirgulyýew bolsa (89 kg.) iki görnüşde 166 kilogram agramlygy galdyryp çempionatyň bürünç baýragyna mynasyp boldy. Şeýlelikde, wekilçilikli halkara ýaryşyň tamamlanmagyna bir gün galanda, Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýygyndy toparynyň hasabynda 6 medal bar. Şondan bir gün öň 49 kilogram agram derejede çykyş eden Ýulduz Jumabaýewa, Seýitjan Mirzaýew (61 kg.) hem-de Kristina Şermetowa (55 kg.) üç medala (bir kümüş we iki bürünç) mynasyp boldular. Agyr atletika boýunça halkara raýdaşlyk çempionaty 12-nji fewralda tamamlanar. Ýaryşlaryň netijeleri boýunça iň güýçli agyr atletikaçylar möhüm utuklary hem-de dört ýyllygyň esasy sport ýaryşlaryna – şu ýyl Ýaponiýada geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Soňky habarlar
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
top-arrow