Baş sahypa
\
Sport
\
Agyr atletikaçylaryň saýlama ýaryşlary
Sport
Agyr atletikaçylaryň saýlama ýaryşlary
Çap edildi 10.02.2020
20846

2020-nji ýylyň 8 — 12-nji fewraly aralygynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde agyr atletika boýunça 6-njy halkara raýdaşlyk çempionaty («Tokio 2020» Tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş) geçirilýär. Bu ýaryşlara 37 döwletden türgenler gatnaşýar. Türkmenistanyň ýygyndy toparynda bu ýaryşlarda 8 türgen çykyş edýär. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Ýulduz Jumabaýewa üstünlikli çykyş etdi. Ol 49 kilogram agram derejesinde çykyş edip, 72 kilogram agramlygy silterläp göterdi we kümüş medala, itekläp götermekde bolsa 96 kilogram netije görkezip, çykyş eden toparynda ýeňiji boldy. Türkmen türgeni iki görnüşde umumylykda 168 kilogram göterip, 2-nji orny eýeledi. Lebap welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Dänew şäherindäki 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi Seýitjan Mirzaýew hem bäsleşiklerde tapawutlandy, ol 61 kilogram agram derejesinde çykyş edip, 130 kilogram agramlygy silterläp göterdi we öňe saýlandy, biziň türgenimiz 150 kilogram agramlygy itekläp göterdi we 4-nji orny eýeledi. Umumy hasapda 280 kilogram görkeziji bilen watandaşymyz bürünç medala mynasyp boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Kristina Şermetowa 55 kilogram agram derejesinde silterläp we itekläp götermekde, degişlilikde, 85 we 110 kilogram netije bilen 3-nji orny eýeledi. Bäsleşikleriň jemleri boýunça, ol 195 kilogram netije bilen, bürünç medala eýe boldy.

Soňky habarlar
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow