Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan Owganystana kömek bermek baradaky maksatnamasyny amala aşyrýar
Syýasy habarlar
Türkmenistan Owganystana kömek bermek baradaky maksatnamasyny amala aşyrýar
Çap edildi 06.08.2015
1246

6-njy awgustda Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde çaga dogrulýan öýüň düýbüni tutmak dabarasy boldy, oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Milli Liderimiziň Buýrugyna laýyklykda çaga dogrulýan öýi Türkmenistanyň doganlyk owgan halkyna saglygy goraýşy ösdürmekde ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen gurlar. Biziň ýurdumyz dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýermek bilen, Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümini ösdürmäge, goňşy ýurduň asuda durmuşyny dikeltmäge iş ýüzünde uly goşant goşýar. Goňşy ýurduň halkyna yzygiderli goldaw bermek bilen, Türkmenistan tutuş sebitiň bähbidine däbe öwrülen gatnaşyklary has-da ösdürmegi ugur edinýändigini tassyklaýar. Şu ýylyň ýanwarynda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda geçirilen gepleşikler bu gatnaşyklara täze itergi berdi. Bu gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen resminamalar türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny has-da berkitmäge we döwletara gatnaşyklaryny okgunly ösdürmäge hyzmat eder. Owgan tarapynyň hoşallyk duýgusy bilen belleýşi ýaly, soňky ýyllaryň dowamynda biziň ýurdumyz Owganystany parahatçylykly dikeltmäge gatnaşyp, onuň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagyna ýardam edýär. Ýakyn goňşy bolmak bilen Türkmenistan hereket edýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerinde birnäçe taslamany, şol sanda owgan halkyny elektrik energiýasy, şeýle hem suwuklandyrylan gaz bilen üpjün etmek boýunça taslamalary amala aşyrýar. Türkmen hünärmenleri Owganystanyň çäginde möhüm ykdysady desgalaryň gurluşygyny alyp barýarlar. Bu ilkinji nobatda durmuş desgalary, elektrik geçiriji ulgamlar bolup, olar türkmen elektrik energiýasyny owgan halkyna ýetirýär. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda türkmen hünärmenleri baglaşylan şertnamalaryň çäklerinde elektrik üpjünçilik desgalarynyň birnäçesini, şol sanda podstansiýalary we elektrik geçiriji ulgamlary gurdular. Olaryň gurluşygy geljekde hem amala aşyrylar. Türkmenistan bilim we saglygy goraýyş ulgamynda hem owgan raýatlaryna muztsuz kömek berýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen türkmen tarapynyň serişdeleriniň hasabyna Owganystanda, hususan-da, saglyk öýi we mekdep guruldy. Bulardan başga-da, ozal gazanylan döwletara ylalaşyklarynyň esasynda Türkmenistanyň dürli okuw mekdeplerinde owgan talyplarynyň onlarçasy dürli hünärler boýunça bilim alýarlar. Şeýlelikde, gumanitar ulgamda üstünlikli türkmen-owgan hyzmatdaşlygy öz beýanyny tapýar. Çünki Owganystanyň ýaşlarynyň Türkmenistanda alýan bilimleri olara öz ýurduny öňdäki orunlara çykarmaga ukyply ýokary bilimli hünärmenler bolup ýetişmegine mümkinçilik berer. Doganlyk ýurda ynsanperwerlik kömegini yzygiderli bermek maksadynda degişli çäreleriň toplumyny, şol sanda durmuş maksatly desgalaryň gurulmagyny, söwda merkeziniň açylmagyny, ynsanperwer ýükleriniň iberilmegini we beýlekileri öz içine alýan maksatnama taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, 13-nji iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we türkmen paýtagtyna resmi sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary Pan Gi Munuň arasynda geçirilen gepleşikleriň barşynda belent mertebeli myhmanyň biziň ýurdumyzyň türkmen halkyna asyrlar boýy mahsus bolan belent ynsanperwer maksatlara ygrarly bolup, goňşy Owganystana ynsanperwer kömegini yzygiderli iberýändigini, onuň durmuş-ykdysady düzümini dikeltmekde uly goldaw berýändigini aýratyn belländigini ýatlamak ýerlikli bolar. Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli oňyn başlangyçlary, ýöredýän parahatçylyk we açyklyk syýasaty iki goňşy döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge hyzmat edýär. Olaryň halklary gadymdan gözbaş alýan doganlyk we ruhy ýakynlyk gatnaşyklary bilen baglydyr. Hoşniýetli erk-islegiň nobatdaky çäresi dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň mizemezliginiň aýdyň mysalyna öwrüldi. Şeýlelikde, şu günki waka Türkmenistanyň sebitde ylalaşdyryjy merkez bolmak bilen täze taryhy döwürde - Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan daşary syýasy ugrunyň esasynda goýlan parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine hem-de maksatlaryna eýerýänliginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow