Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Söwda palatalary we biržalary birleşiginiň başlygyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Söwda palatalary we biržalary birleşiginiň başlygyny kabul etdi
Çap edildi 06.08.2015
1280

Stambul, 6-njy awgust (TDH). Türkiýe Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Türkiýäniň Söwda palatalary we biržalary birleşiginiň başlygy Mustafa Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi. Duşuşyk milli Liderimiziň “Çiragan Palaсе” kaşaň myhmanhanada ýerleşen kabulhanasynda geçirildi. Jenap Mustafa Rifat Hisarjyklyoglu döwlet Baştutanymyz bilen mähirli salamlaşyp, Türkiýäniň işewür toparlarynyň doganlyk Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Türkiýäniň Söwda palatalary we biržalary birleşiginiň başlygy türkmen bazarynyň geljeginiň uludygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa soňky ýyllarda täze mazmuna eýe bolan ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar bilen bagly meselelere berýän ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Milli Liderimiz mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň hem öz gezeginde türk hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegi ugur edinýändigini, munuň üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň halklarynyň mizemez dostluk gatnaşyklaryna we taryhy taýdan emele gelen ruhy-medeni umumylygyna esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, dürli pudaklarda amala aşyrylan we häzir amala aşyrylýan birnäçe iri bilelikdäki taslamalaryň türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň netijelidigine aýdyň şaýatlyk edýändigini nygtady. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň telekeçileriniň düzümleriniň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny has-da ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny artdyrmak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işläp düzmek üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Bu babatda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklara, şeýle hem yzygiderli bilelikde geçirilýän işewürler maslahatlaryna we pudaklaýyn sergilere ähmiýetli orun berilýär. Duşuşygyň ahyrynda jenap Mustafa Rifat Hisarjyklyoglu döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin çuňňur hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna şu iş saparynyň däbe öwrülen dostlukly türkmen-türk hyzmatdaşlygyna täze kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şol hyzmatdaşlyk bolsa deňhukukly uzakmöhletleýin gatnaşyklara esaslanyp, özara bähbitlere laýyk gelýär.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow