Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyz Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyz Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy
Çap edildi 06.08.2015
1236

Bişkek, 6-njy awgust /TDH/. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasyna amala aşyran iki günlük döwlet saparyny tamamlady. Ozal habar berlişi ýaly, düýn Bişkekde ýokary derejedäki türkmen-gyrgyz gepleşikleri üstünlikli geçip, olaryň barşynda iki dostlukly döwletleriň uzakmöhletleýin özara bähbitli esasda, ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy. Ýokary derejedäki duşuşygyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar, şeýle hem söwda-ykdysady we ynsanperwer-medeni ulgamlarda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen resminamalar munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Şu gün irden döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew bilen Bişkegiň taryhy merkezinde ýerleşen Ýeňiş meýdançasyndaky ýadygärlikler toplumyna bardylar. 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan Gyrgyz Respublikasynyň milli gahrymanlarynyň hormatyna gurlan binagärlik-heýkel ýadygärlikler toplumynyň merkezinde ak öýi alamatlandyrýan üç sany egri ýaý halka we Baky alawyň ýanynda enäniň heýkeli seleňläp dur. Ýadygärlikler toplumyna alyp barýan ýoluň iki tarapynda hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew Baky alawyň etegine ajaýyp gül çemenlerini goýýarlar. Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Çäre tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleriniň awtoulag kerweni paýtagtyň “Manas-2” halkara howa menziline tarap ugur aldy. Iki dostlukly döwletleriň Baştutanlary hoşlaşanlarynda, türkmen Lideriniň şu döwlet saparynyň türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň taryhynda täze möhüm sahypany açandygyny bellediler we ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde amala aşyryljakdygyna hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Almazbek Atambaýewe mähirli kabul edendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, uçara mündi we Bişkek şäherinden ugrady.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow