Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugatyň öňündäki çykyşy
Syýasy habarlar
Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugatyň öňündäki çykyşy
Çap edildi 05.08.2015
1251

Men öňi bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyzystana bolan döwlet saparynyň täze many - mazmuna eýe bolandygyny bellemek isleýärin. Dostlukly we birek-birege düşünişmek esasynda ýokary derejede geçirilen gepleşikler örän netijeli boldy. Munuň özi döwletara gatnaşyklarynyň ösüşinde täze tapgyry emele getirdi. Şeýle hem ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumy duşuşygyň netijeli bolandygyny we taraplaryň gazanylan ylalaşyklary anyk işleri bilen adurmuşa geçirmäge bolan gyzyklanmalaryny alamatlandyrdy. Mälim bolşy ýaly, gyrgyz we türkmen halklaryny taryhy kökleriň, däp-dessurlaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Türkmenistanyň biziň ýurdumyza özara bähbitli hyzmatdaşylgy ösdürmek ugrunda berýän goldawyny aýratyn bellemek isleýärin. Gatnaşyklaryň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn we täzeçil usulda ösdürilmegine iki ýurduň meýillidigi bizi has-da begendirýär. Şu ýerde pursatdan peýdalanyp men Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Gyrgyzystana döwlet sapary bilen gelmäge iberen çakylygymyzy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýdaryn. Şeýle hem men Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna guraljak halkara derejesindäki dabaralara gatnaşmaga çakylygy höwes bilen kabul edýärin we şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabada bararyn. Şeýle hem men türkmen Lideriniň çakylygy boýunça indiki ýylda Türkmenistana resmi sapar bilen barmagy meýilleşdirýärin. Sözümiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalaryna geplenşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygy üçsin ýene bir gezek hoşallyk bildirýärin. Indi bolsa belent mertebeli türkmen myhmanyna söz berýärin.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow