Baş sahypa
\
Sport
\
Bütindünýä söweş sungatlarynyň ussatlygy oýunlarynda türkmen türgenleri ýene ýedi medala eýe boldular
Sport
Bütindünýä söweş sungatlarynyň ussatlygy oýunlarynda türkmen türgenleri ýene ýedi medala eýe boldular
Çap edildi 03.09.2019
5518

Koreýa Respublikasynyň Çungju şäherinde dowam edýän Bütindünýä söweş sungatlarynyň ussatlygy halkara ýaryşynda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli derejeli medallaryň ýene-de 7-sini gazandy. Şeýlelikde, gazak göreşi boýunça geçirilen ýaryşlarda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Zarina Abdyrahmanowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň 4-nji ýyl talyby Rozymyrat Medow we Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Nazar Durdyýew kümüş medallara eýe boldular. Sportuň bu görnüşinde öňdäki üçlügiň yz ýanyndan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Jemal Öwlýakulyýewa barýar. Ol bürünç medal ugrundaky ýaryşda Koreýa Respublikasynyň wekilinden üstün çykyp, öz ussatlygyny görkezmegi başardy. Sportuň kuraş görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji we 4-nji ýyl talyplary Gülşat Nasyrowa 57 kilogram, Dinara Hallyýewa 63 kilogram agram derejesinde çykyş edip tapawutlandylar hem-de kümüş medallary gazandylar. Gülşat Nasyrowa Mongoliýa Halk Respublikasynyň hem-de Tailand Patyşalygynyň türgenlerinden, Dinara Hallyýewa bolsa Özbegistan Respublikasynyň hem-de Bütindünýä söweş sungatlarynyň ussatlygy halkara ýaryşynyň geçirilýän ýurdy bolan Koreýa Respublikasynyň türgenlerinden üstün çykdylar. Sportuň bu görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda 70 kilogram agram derejesinde çykyş eden Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Mariýa Lohowa ahyrky tapgyra çykyp bilmedi. Ol mongol türgenini ýeňip, hormat münberinde üçünji orny eýeledi. Türkmen türgenleri bu halkara ýaryşynda ýokary ussatlygy we oňat taýýarlygy görkezýärler. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda ýokary netijeli sporty we köpçülikleýin-bedenterbiýe hereketini ösdürmäge berýän ählitaraplaýyn goldawynyň aýdyň miwesidir. . Çungju şäherinde Bütindünýä söweş sungatlarynyň ussatlygy oýunlary dowam edýär. Türgenlerimizi sport baýraklary babatynda örän netijeli bolan gün bilen gutlaýarys hem-de olardan täze ýeňişlere we medallara garaşýarys.

Soňky habarlar
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow