Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen söweş sungaty ussatlarynyň nobatdaky halkara üstünlikleri
Sport
Türkmen söweş sungaty ussatlarynyň nobatdaky halkara üstünlikleri
Çap edildi 02.09.2019
5509

Koreýa Respublikasynyň Çungju şäherinde 27-nji awgust — 7-nji sentýabr aralygynda başa-baş söweş sungatlary boýunça Bütindünýä oýunlary geçirilýär, bu ýaryşlara dünýäniň 100 ýurdundan 2 müňden gowrak türgen gatnaşýar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň ýygyndy topary hem bar. Häzirki wagta çenli biziň türgenlerimiz dürli derejeli medallaryň 8-sine mynasyp boldular. «Jiu-jitsu» boýunça türkmen türgenleri üç gezek baýrakly orunlary eýelediler. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň üçünji ýyl talyby Weronika Rus 63 kilogram agram derejesinde we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň üçünji ýyl talyby Jelilmuhammet Hojamyradow (69 kg) agram derejesinde birinji orny eýelediler. Mundan başga-da, bu ugur boýunça Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasynyň türgeni Wýaçeslaw Işhanýan (94 kg) kümüş medala mynasyp boldy, ol finaldaky çekeleşikli tutluşykda bäsdeşinden asgyn geldi. Söweş sungatlarynyň Koreýa Respublikasynda geçirilýän Bütindünýä oýunlarynda ildeşlerimiz göreş boýunça hem iki kümüş medala eýe boldular. Türkmen döwlet maliýe institutynyň ikinji ýyl talyby Şamuhammet Kurbanow (60 kg) we Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň Dostluk şäheriniň 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi Muhammet Temirow (73 kg) baýrakly orunlara barýan ýollarynda Hindistandan, Mongoliýadan, Malaýziýadan, Ýaponiýadan, Tailanddan, Taýbeýden gelen bäsdeşlerinden üstün çykdy. Çungju şäherinde geçirilýän bu iri ýaryşlaryň maksatnamasyna alyş göreşi boýunça bäsleşikler hem girýär, bu ugur boýunça 18 döwletiň wekilleri güýç synanyşdy. Şunda türkmenistanly üç türgeniň çykyşy üstünliklere beslendi. Mary welaýatynyň Mary etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi Laçyn Badaglyýewa hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň üçünji ýyl talyby Annamyrat Myradow degişlilikde, 55 we 65 kilogram agram derejelerinde öňe saýlanyp, altyn medallara mynasyp boldular. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň birinji ýyl talyby Anna Dmitriýewa (65 kg) umumy hasapda üçünji orny eýeledi, ol çekeleşikli tutluşykda belarusly bäsdeşinden üstün çykyp, bürünç medala eýe boldy. Söweş sungatlarynyň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde 50 türgeniň çykyş edýändigini hem-de başa-baş tutluşyklaryň 22 görnüşi boýunça medallar ugrunda bäsleşikleri dowam edýändigini bellemek gerek.

***
Biziň ildeşimiz Annamyrat Goşanýazow Bolgariýanyň Plowdiw şäherinde ýakynda tamamlanan taekwondo (ITF görnüşi) boýunça XXI dünýä çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy. Türkmen taekwondoçysy «hususy tuli» ugrunda çykyş edip, Koreýa Halk-Demokratik Respublikasyndan we Gresiýadan bolan bäsdeşlerinden asgyn gelip, üçünji orny eýeledi. Türkmenistanyň taekwondo boýunça ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Aýdogdy Atabaýewe «Meşhur tälimçi» diýen nyşanyň berilmegi biziň türgenlerimiziň bu çempionatda eýe bolan ýene-de bir üstünligidir. Bu çözgüt Halkara taekwondo federasiýasynyň (ITF) XXVII kongresinde kabul edildi.

Soňky habarlar
22.06
Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýolbaşçylygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
22.06
Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara
21.06
Türkmenistanyň barlag-goýberiş nokatlary gije-gündiziň dowamynda işleýärler
21.06
Türkmenistanyň Prezidenti O.Kononenkony doglan güni bilen gutlady
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanda 2026-njy ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda” Karara gol çekdi
20.06
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşyklary bilen tanyşdy
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
19.06
Ýurdumyzyň şypahanalary: saglyga peýdaly dynç alyş
top-arrow