Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 09.08.2019
969

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Muhammetgeldi Nurgeldiýewiç Serdarow Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Harytlaryň eksporty we importy babatdaky daşary ykdysady işi seljermegi düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň üstüne Türkmenistanda harytlaryň eksporty we importy babatdaky daşary ykdysady işi seljermek hem-de bu ugurda degişli işleri ýerine ýetirmek, harytlaryň, işleriň we hyzmatlaryň dünýä bazaryndaky ýagdaýynyň marketing seljermesini geçirmek hem-de daşary ykdysady işi kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak wezipeleri ýüklenildi. Şeýle hem resminama bilen, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentligi hakyndaky Düzgünnama, agentligiň gurluşy tassyklanyldy. Statistika baradaky döwlet komiteti, Döwlet gümrük gullugy we Döwlet haryt-çig mal biržasy harytlaryň eksporty we importy hakyndaky maglumatlary Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentligine her aýda bermäge borçly edildi. Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentligine daşary ykdysady işi amala aşyrýan fiziki we ýuridik şahslardan degişli maglumatlary bellenen tertipde almaga ygtyýar berildi. Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Soňky habarlar
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
top-arrow