Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
BMG Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýerine ýetirilişi boýunça Türkmenistanyň Meýletin milli syny bilen tanyşdyryldy
Syýasy habarlar
BMG Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýerine ýetirilişi boýunça Türkmenistanyň Meýletin milli syny bilen tanyşdyryldy
Çap edildi 20.07.2019
1050

2019-njy ýylyň 18-nji iýulynda BMG-nyň ştab-kwartirasynda Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşan Türkmenistanyň wekilýeti Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýerine ýetirilişi boýunça birinji Meýletin milli syn bilen tanyşdyrdy diýlip, ýurduň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. EKOSOS-yň prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli syýasy forumyň mejlisinde çykyş edip, türkmen wekilýeti foruma gatnaşanlary ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary, durnukly ösüşe ýetmäge gönükdirilen milli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmekdäki üstünlikleri bilen tanyşdyrdy. Tanyşdyrylyşda görkezilen wideoşekiller DÖM-yň görkezijileriniň milli derejä uýgunlaşdyrylmagyndaky üstünlikler, şeýle hem Türkmenistanyň sebit we ählumumy derejelerde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary bilen tanyşdyrdy. Hususan-da, ulag, energetika we ekologiýa ýaly esasy ulgamlara aýratyn üns berildi. Esasy tanyşdyrylyşyň dowamynda DÖM-yň ýaş Ilçisi çykyş edip, Ýokary derejeli foruma ýurdumyzyň ýaş nesliniň adyndan ýüzlendi. Forumyň başlygy we oňa gatnaşanlar öz teswirlemelerinde 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha berip, ýurduň bu ugurdaky syýasatynyň DÖM-ny durmuşa geçirmekde jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň üstünlikli birleşdirilmeginiň nusgasy bolup biljekdigini nygtadylar. Ählumumy wezipeleriň we görkezijileriň özara baglanşygyny seljermäge innowasion çemeleşme Türkmenistanyň MMS-nyň tapawutly aýratynlygy boldy. Esasy çykyşlardan soň guralan interaktiw söhbetdeşlikde BMG-a agza ýurtlaryň wekilýetleri Türkmenistanyň wekillerine sowallar berdiler we çykyşlary teswirlediler. Şol günüň özünde türkmen wekilýeti BMG-nyň Baş sekretarynyň ykdysady meseleler boýunça Orunbasary Lýu Çženmin, BMG-nyň Baş sekretarynyň Orunbasary, BMG-nyň Terrorçylyga garşy göreş müdirýetiniň baştutany Wladimir Woronkow we BMG-nyň Baş sekretarynyň syýasy meseleler we dünýägurluşy meseleleri boýunça Kömekçisi Miroslaw Ýenç bilen duşuşyklar geçirdi.

Soňky habarlar
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
top-arrow