Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan — Italiýa: parlamentara gatnaşyklar pugtalandyrylýar
Syýasy habarlar
Türkmenistan — Italiýa: parlamentara gatnaşyklar pugtalandyrylýar
Çap edildi 08.07.2019
1039

Şu gün Mejlisde Italiýa Respublikasynyň parlamentiniň Deputatlar palatasynyň wise-prezidenti Ettore Rozatonyň ýolbaşçylygynda iş sapary bilen türkmen paýtagtyna gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Myhmanlar Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan okgunly ösüşine has uly itergi berýän, halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler bilen baglylykda, milli parlamentiň düzümi hem-de işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Halkara hukugyň kadalaryny ornaşdyrmak boýunça Mejlisiň alyp barýan işleri bellenildi, munuň özi häzirki zamanyň ählumumy meseleleriniň çözgüdini tapmak boýunça döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň amala aşyrylmagyna ýardam berýär. Söhbetdeşligiň barşynda Ettore Rozato öz ýurdunyň dürli ugurlarda Türkmenistan bilen oňyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. Taraplar türkmen-italýan gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan parlamentara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, kanunçykaryjylyk tejribesini alyşmagyň, iki döwletiň ikitaraplaýyn esasda hem, halkara guramalaryň çäklerinde hem özara bähbitli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam berýän yzygiderli duşuşyklaryň hem-de geňeşmeleriň geçirilmeginiň möhümdigi bellenildi. *** Şu gün şeýle hem Italiýanyň Parlamentiniň Deputatlar palatasynyň wekiliýeti Daşary işler ministrliginde kabul edildi, bu ýerde özara bähbitlilik esasynda guralýan gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhmanlaryň şeýle hem adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Türkmenistanyň Adalatçysy bilen duşuşygy boldy. Duşuşykda myhmanlar bu ugurda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Ol işler ÝHHG, BMG we beýleki halkara düzümler, şeýle hem raýat jemgyýetiniň wekilleri bilen ýakyn hyzmatdaşlykda alnyp barylýar. Ýurdumyzda bolmagynyň çäklerinde italýan parlamentarileri türkmen paýtagtynyň iri muzeýleriniň gymmatlyklary, taryhy-medeni ýadygärlikleri we beýleki ajaýyp künjekleri bilen tanyşdylar.

Soňky habarlar
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
top-arrow