Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 05.07.2019
1224

«Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini 2019-njy ýylda çagyrmak hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda çykaran 4-nji Kararyny ýerine ýetirmek hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myradow Goçmyrat Aşyrmuhammedowiçe berk käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, medeniýet ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ýeterlik derejede ulanylyşyna gözegçiligi gowşadandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Abdyýewa Bahargül Gurbanmyradowna käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, maliýe we ykdysadyýet ministri Bazarow Batyr Aganazarowiçe berk käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, gurluşyk işleriniň standartlarynyň berjaý edilişine we hiline ýaramaz gözegçilik edýändigi üçin, gurluşyk we binagärlik ministri Selimow Söýençnazar Nurnazarowiçe käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Arçaýew Myrat Gurbandurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, welaýatyň birnäçe etraplarynda galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Lebap welaýatynyň häkimi Atahallyýew Taňryguly Rejepgulyýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Lebap welaýatynyň häkiminiň orunbasary Hudaýkulyýew Şöhrat Hemrakulyýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, etrabyň galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkimi Gylyjow Batyra berk käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, etrabyň galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkimi Allakulyýew Söhbede berk käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2019-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. Döwlet toparyna 2019-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2019-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy, 2019-njy ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine: okuwa kabul etmegi 2019-njy ýylyň 8-nji iýuly — 17-nji awgusty aralygynda guramak: okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek tabşyryldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda: 2019 — 2020-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet apparatynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti iki ýyl) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy; 2019 — 2020-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet apparatynyň gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti bäş aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy; 2019 — 2020-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň kommersiýa arbitražy boýunça döwlet gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti dört aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy; 2019 — 2020-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti iki aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy; 2019 — 2020-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna diňleýjileri kabul etmek boýunça giriş synaglaryny guramagyň tertibi tassyklanyldy.

Soňky habarlar
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
top-arrow