Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeler ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşiniň esasydyr
Teswirlemeler
Ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeler ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşiniň esasydyr
Çap edildi 02.07.2019
13442

Bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de hil taýdan täze derejä çykarmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýokary mekdebi özgertmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýokary okuw mekdepleri milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamalydyr. Ylym-bilim ulgamynda özgertmeleriň maksada laýyk durmuşa geçirilmegi bu ulgamy yzygiderli kämilleşdirip, ony hil taýdan täze derejä çykarýar. Täze ýokary okuw mekdepleriniň açylmagy häzirki döwürde zerur bolan hünärleriň sanawynyň giňeldilmegi muňa ýardam edýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak babatda soňky döwürde kabul eden çözgütleri hem şu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Milli Liderimiz 12-nji iýunda Ylymdar akademiýasynda geçirilen maslahatda eden maksatnamalaýyn çykyşynda häzirki döwürde ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, biziň ählimiziň esasy maksadymyzyň ýurdumyzyň ykdysady, medeni, ylym we bilim binýadyny mundan beýläk-de ösdürmekden hem-de berkitmekden ybaratdygyny belledi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, maglumat-tehnologik ösüşlerden gowy baş çykarýan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny döretmek hakyndaky» Permana gol çekdi. Munuň özi okuw işine ýurdumyzyň hem-de dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny, maglumat tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmaga, ylmy-barlag işini işjeňleşdirmäge mümkinçilik berer. Gündelik işe öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berler. Munuň özi mugallymlara we talyplara düýpli barlaglary, içgin ylmy synaglary geçirmäge has giň mümkinçilikleri döreder. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutyny Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty diýip atlandyrmak hakyndaky çözgüdi özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmak babatda möhüm waka boldy. Şol maksatnamalaryň esasy maksady bolsa halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr. Çünki bu ýokary okuw mekdebi ulag pudagy üçin täzeçe pikirlenýän hünärmenleri taýýarlamalydyr. Türkmenistanyň döwlet syýasatynda biz ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmäge uly ähmiýet berýäris diýip, milli Liderimiz aýratyn nygtaýar. Şu maksat bilen, kompýuter ulgamy we häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleri kämilleşdirilýär, önümçilik awtomatlaşdyrylýar, elektron resminama dolanyşygy ornaşdyrylýar. Munuň özi biziň ykdysadyýetimizi has-da berkider. Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek, sport ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleriň, ussat türgenleriň, tälimçileriň taýýarlygyny kämilleşdirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutyny Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty diýip atlandyrmak hakyndaky» Karara gol çekdi we bu ýokary okuw mekdebiniň işini kämilleşdirmegiň başyny başlady. Munuň özi ýokary okuw mekdebiniň öz işini diňe sport ugruna gönükdirmäge, syýahatçylyk pudagy üçin işgärleri taýýarlamagy bolsa, medeniýetiň ösüşine jogap berýän ulgam bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmen döwlet medeniýet institutynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky» Karara gol çekdi. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz halkara syýasatçylygyny ösdürmäge, syýahatçylyk ugurlarynyň çäklerini giňeltmäge, hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmaga we hilini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berýär. Ýurdumyza gelip görmäge isleg bildirýän daşary ýurtly myhmanlaryň sany barha artýar. Kabul edýän tarapyň tagallasy bilen gyzykly ugurlaryň ençemesi işlenip taýýarlanyldy. Olar myhmanlara häzirki Türkmenistan, onuň taryhy we dürli tebigy landşaftlary bilen tanyşmaga ýardam eder. Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda deňiz şypahanasy uly meşhurlykdan peýdalanýar. Bu şypahana hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredildi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň amatly howa şertleri hem-de baý syýahatçylyk kuwwaty, innowasiýalara, öňdebaryjy binagärlik we inžener-tehniki pikirlere ugur alynmagy, hyzmatlaryň ýokary derejesi türkmen topragynyň bu ajaýyp künjeginiň hakykatdan hem halkara syýahatçylygynyň we şypahana dynç alşynyň ykrar edilen merkezine öwrülmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň gurluşyny tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekdi. Onda täze döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, özgertmeleri geçirmek, ýurdumyzda milli hünärmenleri taýýarlamagyň kämil ulgamyny döretmek boýunça anyk çäreler kesgitlenildi. Şol hünärmenleriň derejesi ýokary halkara talaplaryna laýyk geler. Ylymlar akademiýasynda bolan maslahatyň barşynda milli Liderimiz tölegli ýokary okuw mekdepleriniň maliýe-ykdysady ýagdaýyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we gowulandyrmak, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, bu ýokary okuw mekdeplerini tapgyrlaýyn doly hojalyk hasaplaşygyna geçirmegiň zerur bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ulgamyna sanly serişdeleriň, öňdebaryjy kompýuter we multimediýa enjamlarynyň ornaşdyrylmagyny, umumybilim berýän orta mekdepleriň 12 ýyllyk okuwa geçirilmegini nobatdaky möhüm we düýpli ädimleriň hatarynda görkezdi. Bilim edaralarynyň okuw-usulyýet üpjünçiligini gowulandyrmak, şol sanda döwrebap okuw kitaplaryny neşir etmek boýunça uly işler geçirildi. Şol kitaplary taýýarlamaga mekdepleriň mugallymlary, Bilim ministrliginiň esasy hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi, Ylymlar akademiýasynyň işgärleri işjeň gatnaşýarlar. Döwlet Baştutanymyz olaryň öňünde möhüm wezipeleri goýmak bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwrebap mekdepleriň ýokary bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin oňat enjamlaşdyrylan okuw binýady bolmak bilen çäklenmän, eýsem, milletiň aň-paýhas kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak üçin esas bolup durýandygyny nygtaýar. Bilim ulgamynyň hil taýdan döwrebaplaşdyrylmagy mekdepleriň okuw tertipnamasyna hem möhüm täzelikleri girizdi. Oňa esasy sapaklar bilen birlikde, ykdysadyýetiň esaslary, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, modelirlemek we grafika, maglumat-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalar ýaly sapaklar girizildi. Sanly ulgama geçmegiň maksatnamasyna laýyklykda, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak wezipeleri ýurdumyzda himiýany, biologiýany we beýleki sapaklary çuňlaşdyryp öwrenmäge gönükdirilen ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň döredilmegini şertlendirdi. Mekdep okuwçylarynyň öwrenýän daşary ýurt dilleriniň gerimini giňeltmek hakyndaky çözgüt bu ugurda nobatdaky möhüm ädim boldy. Bu çözgüt köptaraply halkara hyzmatdaşlygyň çägini işjeň giňeltmek we okgunly ösdürmek maksady bilen kabul edildi. Iňlis, fransuz, nemes, ýapon we beýleki dilleri çuňlaşdyryp öwredýän okuw mekdepleri üstünlikli hereket edýär. Döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtly kärdeşleri bilen geçirýän duşuşyklarynyň ählisiniň gün tertibine halkara bilim alyşmalary bilen baglanyşykly meseleler girizilýär. Munuň özi ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilýän resminamalarda öz beýanyny tapýar. Golaýda milli Liderimiziň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Kazanyň döwlet energetika uniwersitetiniň arasynda Özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen «Innopolis uniwersiteti» awtonom täjirçilik däl ýokary bilim guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Şertnama, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Kazan (Priwolžskiý) federal uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ýokary dünýä derejesine çykmagy möhüm wezipeleri öňde goýýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda şol wezipeler üstünlikli çözülýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, halkara okuw mekdepleriniň döredilmegine, iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdepleriniň we beýleki okuw-mugallymçylyk edaralarynyň täze binalarynyň gurulmagyna, şolaryň işine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, şol sanda internet we elektron kitaphanalar arkaly dünýä maglumatlar ulgamyna ýokary tizlikli elýeterliligiň üpjün edilmegine degişlidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylym-bilim ulgamynyň öňünde goýan wezipeleriniň çözülmegi täzeçe pikirlenmegi başarýan hünärmenlere taýýarlamak işinde we şonuň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmakda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe gitmeginde nobatdaky möhüm ädim bolar.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow