Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Premýer-ministr Sindzo Abe hat iberdi
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Premýer-ministr Sindzo Abe hat iberdi
Çap edildi 01.07.2019
1205

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň premýer-ministri Sindzo Abeniň Türkmenistanda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylmagy mynasybetli iberen gutlagyna jogap hatyny iberdi. Mälim bolşy ýaly, Ahal welaýatynda gurlan we dünýäde ilkinji zawod bolan täze senagat toplumynyň açylyş dabarasy milli Liderimiziň gatnaşmagynda 28-nji iýunda geçirildi. Bu şanly waka mynasybetli guralan dabarada Ýaponiýanyň hökümetiniň ýolbaşçysynyň adyndan onuň iberen gutlag hatyny bu ýurduň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Ýoşihiko Isozaki okady. Özüniň jogap hatynda döwlet Baştutanymyz däp bolan dostlukly, birek-birege ynanyşmak we netijeli döwletara gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykandygyny we onuň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara guramalarynyň, şeýle hem «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» gatnaşyklarynyň çäklerinde ösdürilýändigini aýratyn belledi. Biziň ýurtlarymyz uzak möhletleýin esasda giň ugurlar boýunça ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary ösdürmäge ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýär. Öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň türkmen bazarynda alyp barýan netijeli işleri, olaryň milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmagy we köpugurly esasda ösdürmegi esasy ugur edinýän Türkmenistanda amala aşyrylýan iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Täze kärhananyň açylmagy mynasybetli iberen gutlagy üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem jogap hatynda ýapon tarapynyň çakylygy boýunça Imperator Naruhitonyň tagta çykmagy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin günüň dogýan ýurdy — Ýaponiýa baryp görjekdigini habar berdi. Döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda aýdan sözleri üçin premýer-ministr Sindzo Abe minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaponiýany ygtybarly we möhüm hyzmatdaşy hasaplaýandygyny belledi. Milli Liderimiz jogap hatynda netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň köp ýyllyk tejribä we bar bolan ägirt uly mümkinçiliklere daýanmak arkaly, şeýle hem täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň hasabyna hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn esasda berkidiljekdigine we ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-ýapon gatnaşyklary anyk netijeleri esasy ugur edinýän deňhukukly we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýandygyny bellemeli. 2013-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa bolan resmi sapary we 2015-nji ýylda ýokary derejedäki özara saparlaryň guralmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda möhüm tapgyry emele getirýär. Olaryň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen resminamalar toplumy däp bolan döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi we onuň üstüni ýetirdi. Munuň özi netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, şeýle hem işewür düzümleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny has aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Yzygiderli esasda geçirilýän işewür duşuşyklar, forumlar, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäki mejlisleri geljegi nazarlaýan gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Şeýle ugurlaryň hatarynda senagat pudagy, hususan-da, gaz we himiýa senagatlary, ulag-aragatnaşyk ulgamy, oba hojalygy, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly ugurlar bar. Şeýle hem bilim we ylym ulgamlaryndaky ynsanperwer ugur boýunça döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirilýär. Şunlukda, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlygyna, medeniýet we sungat ugry boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegine üns berilýär. Sport we syýahatçylyk ugurlaryndaky gatnaşyklaryň ösdürilýändigini bellemeli. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň uçarlarynyň amala aşyrýan ugurlarynyň üstüniň täze ugur bilen ýetirilendigini bellemeli. Bu ugur Aşgabat bilen Tokiony baglanyşdyran halkara gatnawdyr. Munuň özi hemmetaraplaýyn esasda iki dostlukly ýurduň we halkyň mundan beýläk-de ýakynlaşýandygyny alamatlandyrýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan we Ýaponiýa hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze ugruny açyp, ykdysady bähbitlere, döwlet ösüşiniň we umumy abadançylygyň ileri tutulýan maksatlaryna laýyk gelýän özara peýdaly gatnaşyklara bolan ikitaraplaýyn ygrarlylygy has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.

Soňky habarlar
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
top-arrow