Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň DIM-inde BMG-niň agentlikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň DIM-inde BMG-niň agentlikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi
Çap edildi 01.07.2019
916

2019-njy ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda işleýän agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň baştutanlary we wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy ÝUNISEF-iň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky wekili, şeýle hem BMGÖM-niň, HMG-niň, ÝUNFPA-nyň, BMG-niň Neşekeşlige we jenaýatçylyga garşy müdiriýetiniň, BMG-niň Ilat gaznasynyň wekilleri hem-de Bütindünýä bankynyň Türkmenistandaky toparlary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda bilelikde geçirilen işleriň netijeleri jemlenildi, şeýle hem öňdäki döwür üçin hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, bilelikdäki meýilnamalary we hyzmatdaşlyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýetini belläp, yzygiderli goldawy üçin türkmen tarapyna hoşallyk sözlerini aýtdy. Ileri tutulýan wezipeler bilen baglylykda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşlygynyň ýola goýlan guralyny belläp, durmuşa geçirilýän işleriň binýady bolup durýan birnäçe resminamalara aýratyn ünsi çekdiler. Olaryň hatarynda, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda 2016 —2020-nji ýyllarda ösüş maksatlarynyň hyzmatdaşlygynyň Çarçuwaly maksatnamasy, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasynda 2016 — 2020-nji ýyllarda ýurt boýunça Hereketleriň maksatnamasynyň meýilnamasy, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasynda bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Ylalaşyk, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF-iň arasynda, Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNFPA-nyň arasynda 2016 — 2020-nji ýyllarda Ýurt maksatnamasynyň hereketleriniň meýilnamalary bar. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy we oňa seslenmegi utgaşdyrmakda Hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Soňky habarlar
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
top-arrow