Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar
Çap edildi 30.06.2019
946

Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesi umumy taryhy kökleri, milli we ahlak gymmatlyklary bolan halklarymyzyň oňyn erkini äşgär edýär. Bu ýörelgeleriň üstünlikli dowam etmeginde we baýlaşmagynda Siziň goşandyňyz çäksizdir. Resmi saparlarymyz mahalynda geçiren duşuşyklarymyzy we netijeli pikiralyşmalarymyzy uly kanagatlanma bilen ýatlaýaryn. Şu ýakymly pursatda Size berk jan saglyk, bagt, Türkmenistanyň doganlyk halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Hormatlamak bilen, Ilham Aliýew, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz, doglan günüňiz mynasybetli iň gowy arzuwlarymy kabul ediň! Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýakyn we dostluk gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşe eýedigini şatlyk bilen belleýärin hem-de halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine Siziň ýurduňyz bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygymyzy mälim edýärin. Tüýs ýürekden hormatlamak bilen, Salome Zurabişwili, Gruziýanyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly jenap Prezident! Siziň doglan günüňiz mynasybetli hoşniýetli arzuwlarymy iberýändigime örän şatdyryn. Size berk jan saglyk, bagt we Türkmenistanyň halkynyň mundan beýläk-de abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine gönükdirlen beýik maksatlara ýetmekde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Biziň dostlukly ýurtlarymyz özara gyzyklanma bildirilýän köp ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürýärler we berkidýärler. Biziň özara ynanyşmak we bilelikdäki tagallalaryň esasynda gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de ösdürjekdigimize pugta ynanýaryn. Jenap Prezident, Size bolan uly hormatym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň! Kolinda Grabar-Kitarowiç, Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
top-arrow