Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň «Sojitz» kompaniýasynyň wekillerini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň «Sojitz» kompaniýasynyň wekillerini kabul etdi
Çap edildi 27.06.2019
889

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Sojitz» korporasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory, «Sojitz Europe plс» kompaniýasynyň Ýewropa, Russiýa we GDA boýunça prezidenti we baş direktory Satoru Takahamany hem-de şu korporasiýanyň geňeşçisi, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-türkmen komitetiniň wise-başlygy Toşiharu Ýoşimurany kabul etdi. Wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Ýaponiýanyň iri işewür düzüminiň wekilleri täsin gazhimiýa toplumynyň — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň 28-nji iýunda boljak açylyşy bilen gutladylar. Şu kärhananyň gurluşygynda ýapon tejribesi hem ulanyldy. Olar şeýle hem «Sojitz» korporasiýasynyň ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de üstünlikli dowam etjekdigine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar. Munuň özi ýurdumyzyň sazlaşykly ykdysady ösüşi hem-de ägirt uly tebigy serişdeleri bilen şertlenendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Häzirki döwürde däp bolan işewür gatnaşyklar täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Duşuşygyň dowamynda özara peýdaly gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri we ýapon maýadarlarynyň milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak maksatnamalaryna gatnaşygy we ýokary tehnologiýaly önümleri öndürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýurdumyzyň senagat toplumynyň kuwwatlyklaryny artdyrmagyň möhüm ugurlaryna deglip geçildi. «Sojitz» korporasiýasynyň wekilleri ýerli çig maly gaýtadan işlemegiň esasynda täzeçil kärhanalary döretmek boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan iri halk hojalyk taslamalarynyň ähmiýetine ýokary baha berdiler. Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy esasynda amala aşyrylýan giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmak ýaponiýaly hyzmatdaşlar üçin uly hormatdyr. Türkmenistanyň ähli taraplaryň bähbitlerine laýyk gelýän deňhukukly halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge üýtgewsiz ygrarlydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz ýapon işewürlerini awgust aýynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmaga çagyrdy. Milli Liderimiz bu duşuşykda hyzmatdaşlygyň däp bolan hem-de täze ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belläp, türkmen-ýapon gatnaşyklaryny köpugurly esasda ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Ýaponiýanyň «Sojitz» ýaly öňdebaryjy söwda maýa goýum kompaniýasynyň toplan tejribesiniň Türkmenistanyň gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmek, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan we ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda möhüm orun eýeleýän önümçilikleri döretmek boýunça durmuşa geçirilýän täze taslamalarda işjeň peýdalanyp bilner diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Ýaponiýanyň maliýe we tehnologik düzümleriniň gatnaşmagynda Maryda gurlan ammiak we karbamid zawody bilelikdäki işiň oňyn nusgasy hökmünde görkezildi. Myhmanlar türkmen hyzmatdaşlary bilen alnyp barylýan işler barada habar berip, «Sojitz» kompaniýasynyň ygtybarly we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna örän jogapkärli çemeleşýän Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bolan gyzyklanmalaryny ýene-de bir gezek tassykladylar. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we ýapon korporasiýasynyň wekilleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow