Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti «NATA Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti «NATA Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 27.06.2019
1006

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «NATA Holding» kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Namyk Tanygy kabul etdi. Myhman söhbetdeşlikde hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy dünýäde ilkinji täze önümçilik toplumynyň işe girizilýändigi bilen gutlady. Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hem-de ykdysady ösüşiň uly geljeginiň ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterendigi nygtaldy. Işewür türkmen bazarynyň özüne çekijidigini hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň işlemegi üçin oňaýly şertleriň döredilendigini belläp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň özara bähbitli işewür gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklady. Milli Liderimiz we «NATA Holdingiň» ýolbaşçysy türkmen ykdysadyýetiniň gurluşyk we ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde türk kompaniýasynyň işiniň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, bu iri kompaniýa awtomobil ýollarynyň, köprüleriň hem-de demir ýol düzüminiň desgalaryny gurmak ulgamynda möhüm ähmiýetli işi alyp barýan hyzmatdaş hökmünde görkezdi. Bu ulgamlaryň ählisi ýurdumyzyň ulag toplumynyň okgunly ösýän ugurlaryna degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýol gurluşygynyň ýokary hilini üpjün etmek meselelerine ünsi çekip, ýol-ulag düzüminiň desgalarynyň gurluşygynda iň täze ýokary tehnologiýaly çözgütleri hem-de öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalary ulanmagyň zerurdygyny aýratyn nygtady. Şäheriň çeperçilik-binagärlik bezeginde möhüm orun eýeleýän desgalaryň estetiki tarapyny hem nazara almak wajypdyr. Döwlet Baştutanymyz gurluşygyň hiliniň ýokary derejede bolmagynyň hem-de desgalaryň göz öňünde tutulan möhletlerde ulanmaga berilmeginiň bina edilýän ähli desgalara bildirilýän esasy talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz işewür düzümleriň arasynda geçirilýän duşuşyklaryň, maslahatlaryň ähmiýetini belläp, türkiýeli hyzmatdaşlary öňde boljak birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmaga çagyrdy. Namyk Tanyk «NATA Holdingiň» Türkmenistan bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyga buýsanýandygyny nygtap, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň bilelikdäki taslamalara mundan beýläk-de işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. Işewür özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Onuň ýolbaşçylyk edýän holdingi hem muňa uly gyzyklanma bildirýär.

Soňky habarlar
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
top-arrow