Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 27.06.2019
1056

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Ol iri senagat desgasynyň — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi. Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkiýäniň işewür toparlarynyň ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan hem-de milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda oňyn halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, myhman döwlet Baştutanymyzy ertir açyljak deňi-taýy bolmadyk täze toplumyň işe girizilýändigi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de wekilçilik edýän kompaniýasynyň iri düzümleýin taslamalara mundan beýläk-de işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüni ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hökmünde görkezen «Rönesans Holding» kompaniýasynyň hyzmatdaşlyga jogapkärli çemeleşýändigini kanagatlanma bilen belläp, döwletimiziň ykdysady ösüşinde meşhur daşary ýurt korporasiýalarynyň, şol sanda Türkiýe Respublikasynyň innowasion işläp taýýarlamalaryny çekmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady. Milli Liderimiz Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge şu kompaniýanyň işjeň gatnaşýandygyna ýokary baha berip, özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete hem-de anyk netijä gönükdirilendigini belledi. Nygtalyşy ýaly, tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýelemek bilen, döwletimiz energetika pudagynda uly kuwwata eýe bolan, täze, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge ýardam edýän daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekýär. Munuň özi daşary ýurtly işewürler toparlary bilen tehnologik hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ahal welaýatynda tebigy gazdan awtomobil benzinini öndürýän zawodyň gurluşygy bilen bagly iri bilelikdäki taslamanyň durmuşa geçirmekde «Rönesans Holding» kompaniýasyna bildiren ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Täze desganyň açylmagynyň uly ähmiýete eýedigini nygtap, Erman Ylyjak türkmen Lideriniň çözgüdi boýunça amala aşyrylýan taslamalaryň ählisiniň bu pudakda diňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem, tutuş dünýäde nusgalyk iri taslamalar bolmalydyr. Eýýäm häzirden zawodyň önümlerine ençeme kompaniýalar, 10-dan gowrak ýurduň wekili uly gyzyklanma bildirýär hem-de onuň mümkinçilikleri bilen tanyşmak isleýärler. Häzirki döwürde pudagy döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça geçirilýän işler giň gerime eýe bolýar, türkmen ykdysadyýetiniň möhüm pudagynyň kuwwaty barha artýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Nebitgaz önümleriniň eksportunyň möçberi ýylsaýyn artýar, diňe bir içerki bazar däl, eýsem, daşarky bazarlar hem doly üpjün edilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga we ýokarlandyrmaga ýardam edýän duşuşyklaryň, şol sanda işewür toparlaryň arasyndaky duşuşyklaryň ähmiýetine ünsi çekip, türkiýeli hyzmatdaşlary öňümizdäki birinji Hazar ykdysady forumynyň çärelerine gatnaşmaga çagyrdy. Işewür Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny belläp, «Rönesans Holding» kompaniýasynyň ýurdumyza özüniň öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny, tejribesini we tehnologiýalaryny hödürlemäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady we öz üstüne alan borçnamalaryna berk eýerjekdigini ynandyrdy.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow