Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 26.06.2019
991

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 175-nji maddasyna we «Ätiýaçlandyryş hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 5-nji maddasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek hem-de ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleri (ömrüni we saglygyny) ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy. * * * Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň maliýe ýagdaýlaryny gowulandyrmak we olaryň satyn alan harytlary üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankyna 2019-njy ýylyň dowamynda Merkezi bankyň serişdeleriniň hasabyna Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine degişli möçberde karz serişdelerini ýyllyk 2 göterim bilen bir ýyl ýeňillikli döwri bolan 10 ýyl möhlete karz bermek tabşyryldy. * * * Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk ekinlerini kesellerden we zyýankeşlerden goramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 2019-njy ýylyň hasyly üçin ekilen gowaçanyň zyýankeşlerine we köpýyllyk haşal otlaryna garşy göreşmekde hem-de gowaçanyň ýapragyny düşürmekde, şeýle hem 2020-nji ýylyň hasyly üçin ekiljek bugdaý tohumyny kesellere garşy dermanlamakda ulanyljak himiki serişdeleri satyn almak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Soňky habarlar
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
top-arrow