Balkan welaýatynda geçirilýän döredijilik forumynyň şu günki güni mazmun taýdan köpdürlüdir. Onuň maksatnamasyna milli medeniýetimiziň köpdürlüligini açyp görkezýän çäreler goşuldy. Olary taryh we häzirki döwür, gözbaşlar we dowamatlylyk ýaly umumy mazmun bilen birleşdirip bolar. Ir bilen Magtymguly şäheriniň Magtymguly Pyragy muzeýiniň maslahatlar zalynda «Türkmen sungatynyň rowaçlygy» diýen usulyýet maslahaty geçirildi. Oňa muzeýleriň işgärleri, suratkeşler, sungaty öwrenijiler, taryhçy alymlar, etnograflar, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we talyplary, žurnalistler gatnaşdylar. Bu ýere ýygnananlaryň nygtaýşy ýaly, milli maddy we ruhy mirasymyzy öwrenmek, gorap saklamak we dünýäde wagyz etmek hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Bu giň gerimli işleri amala aşyrmakda ýurdumyzyň iri ylmy we aň-düşünje merkezleri bolup durýan muzeýlere aýratyn orun berilýär. Halkymyzyň bäş müň ýyllyk gadymy taryhy, onuň özboluşly medeniýeti, däp-dessurlary, häzirki döwürde Watanymyzyň gazanan deňsiz-taýsyz üstünlikleri — bularyň ählisi muzeýiň baý gymmatlyklarynda öz beýanyny tapýar. Maslahatyň dowamynda muzeý işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şol sanda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlary watançylyk we estetiki taýdan terbiýelemek babatda öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilmegi bilen baglylykda, işleri has-da kämilleşdirmek baradaky meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eýeleýän ähmiýetli orny bellenildi. Bu sungatlar üçin görnüşleriň, usullaryň we ugurlaryň köpdürlüligi häsiýetlidir. Türkmen ussat heýkeltaraşlary tarapyndan döredilýän heýkeller we keramika, şaý-sep önümleri, halylar we gobelenler — bularyň ählisi ynsana, tebigata, mähriban topraga söýgi bilen gurşalandyr, türkmen jemgyýetiniň ruhy durmuşynyň baýdygyna şaýatlyk edýär. Şu ýylymyz «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar astynda geçýär, şoňa görä-de, bu mazmun döredijilik ulgamynyň wekilleriniň täze işlerinde özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Çykyşlarda muzeý gymmatlyklary we gaznalary bilen işleriň guralmagyna häzirki döwürde täze usullaryň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygy barada hem, ýurdumyzda bu ulgamyň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilýändigi barada hem aýdyldy. Häzirki wagtda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak we abatlamak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Bu işlere uly ähmiýet berilýär, çünki soňky ýyllarda biziň ýurdumyza daşary ýurtlardan köp myhmanlar — syýahatçylar, dürli derejedäki wekiliýetler, alymlar gelýärler. Mundan başga-da, şu gün Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Magtymguly etrabynyň taryhy-medeni we tebigy gözellikleri bilen tanyşdylar. Bu ýerlerde bolup gören her bir adam üçin beýik şahyryň we akyldaryň dogduk obasy bolan Gerkez obasyndaky Magtymgula bagyşlanan muzeý özüne çekiji ýere öwrülýär. Mähir bilen bezelen sergide Pyragynyň geçen we ondan aňyrky asyrlarda dürli dillerde neşir edilen köp sanly kitaplary bar. Üstünden örän köp döwür geçen galyň kitaplar aýratyn duýgy döredýär: olary hatdatlar kitaplaryň heniz çaphanalarda çykarylmaýan uzakdaky döwürlerde elleri bilen göçüripdirler... Gapdalda özüni şahyryň şägirdi hasaplan türkmen edebiýatynyň beýleki nusgawy şahyrlarynyň neşirleri, şeýle hem Pyragynyň özi hakda gürrüň berýän hem-de Magtymgulynyň zehiniň çuňlugyny açyp görkezmäge synanyşýan kitaplar dur. Gönüden-göni Magtymgulynyň durmuşy bilen baglanyşykly gymmatlyklar, mysal üçin, rowaýata görä, şahyryň hut öz eli bilen ýasan hem-de söýgüli gyzy Meňlä niýetlenen kümüş ýüzük muzeýiň aýratyn buýsanjydyr. Magtymgulynyň Meňlä ençeme ajaýyp goşgularyny hem bagyşlandygy hemmä bellidir... Pyragynyň zergärçilik sungatyna hem kämil derejede erk edendigini bilýäris. Ýene-de Hindistana eden syýahatyndan öz uýasyna sowgat hökmünde getiren inçe iş bolan çäýnek hem bar. Şahyryň jahankeşdeliginiň gerimi örän giň: ol Hywanyň we Buharanyň iň oňat medresesinde okady, Kawkazda, Owganystanda, Eýranda hem-de ençeme beýleki topraklarda boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň ajaýyp zergär hem bolandygyny, onuň döreden owadan bezeglerinde türkmen zenanynyň içki dünýäsiniň beýan edilendigini belleýär. Şoňa görä-de, Magtymgulynyň ýaşan we döreden eýýamyna bolan özüňiň degişlilik duýguňy güýçlendirmek üçin muzeýde şol döwürleriň durmuşda ulanylan zatlary: agaçdan ussatlarça ýasalan gap-gaç, palçykdan ýasalan uly hum küýze, çyralar, gurallar görkezilýär. Şeýle hem bu ýerde türkmen halylaryny, milli egin-eşikleri we türkmen zergärleriniň döreden ajaýyp bezeg şaý-seplerini höwes bilen synlap bolýar. Sumbar jülgesiniň mukaddeslikleriniň arasynda adamlaryň öz kalbynda beslän arzuwlarynyň hasyl bolmagyna umyt bilen hemişe zyýarata gelýän, ady rowaýata öwrülen ýer bar. Ol Balkan sebitiniň çäklerinden has uzaklarda hem bellidir — ol Şiblibabadyr ýa-da oňa başgaça Şyblan hem diýilýär. Ol Magtymguly şäherinden Demirgazyk — Gündogara tarap bary-ýogy 10 kilometrlikdäki Sünt-Hasar dagynyň eteginde emele gelen zyýarat edilýän toplumdyr. Zyýaratçylaryň bu ýere gelmeýän güni ýok, şoňa görä-de, ýylyň islendik döwründe, esasan-da, anna günlerinde bu ýere zyýarat edýänleri — sadaka berip, aýat-doga okaýan zyýaratçylary has köp görmek bolýar. Günbatar Köpetdagyň bu ajaýyp tebigy künjegini adamlar gudratly diýip mynasyp atlandyrýarlar — munuň şeýledigi onuň örän güýçli täsir ediji ruhy ahwalatynyň bolany üçindir hem. Munuň şeýledigine zyýaratçylaryň mukaddes agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň şahasynda goýup gidýän serişdeleri: arzuw-dilegleriň nyşany bolan dürli reňkdäki daňylar, zürýat galar ýaly ogul dilemegiň nyşany hökmünde oýunjakdan ýasalan ýaý, ýarawsyzlaryň gutulyp gitmeginiň dilegi hökmünde çaga egin-eşigi... aýdyň şaýatlyk edýär. Bu ülke tebigy gözelligi boýunça hem gaýtalanmajakdyr. Dag gerişlerindäki arçalar, gözbaşdan syzylyp çykýan we asyrlardan bäri ösüp gelýän äpet çynarlary suwa ýakýan çeşme, daşlyk burnuň üstündäki gümmezli aramgäh gaýtalanmajak gözellik döredýär. Sadaka bermek we zyýaratçylaryň ýatyp-turmagy üçin gurlan desgalar, bu ýerdäki mukaddesligiň gözegçiligi bolan müjewüriň ýaşaýan ýeri bu mesgeniň umumy keşbiniň üstüni ýetirýär. «Şiblibaba» adynyň Magtymgulynyň goşgularynda ençeme gezek ýatlanylýandygyny bellemek gerek: şahyr pire ak pata we kömek bermegini sorap ýüzlenýär. Ony hatyralamak üçin ýadygärlik binalar toplumynyň gurulmagy — bu däp Türkmenistanda we goňşy ýurtlarda giňden ýaýrandyr. Mundan başga-da, myhmanlar üçin bejeriş häsiýetli kükürtwodorod suwunyň gyzgyn çeşmesi bolan «Parhaý» diýen ýere, şeýle hem Sumbar jülgesiniň daş-töweregini gurşaýan «Aý daglaryna» gezelenç guraldy. Bular beýikligi bir metrden sekiz metre çenli bolan ösümlik gögermeýän uly bolmadyk baýyrlardyr. Haýran galdyrýan görnüşli hem-de dag jynslarynyň üýtgeşik reňkli bolany sebäpli, olara «Aý» sözüni goşup, şeýle atlandyrypdyrlar. Aý daglary gije-gündiziň dowamynda: açyk çal reňkden ak reňke çenli, sarymtyl reňkden açyk gyzyl reňke çenli öz reňk-öwüşginini üýtgedýär. Eger ýagyş ýagsa, daglar eýýäm başgaça görünýär. Olar älemgoşar ýaly bolup öwşün atýar. Günüň ikinji ýarymynda sahna sungatynyň janköýerleri Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet drama teatrynyň topary tarapyndan goýlan «Dowamatdyr, bagtyýardyr sarsmaz türkmen binasy» diýen sahna oýnuna tomaşa etmäge çagyryldy. Oýnuň wakalarynyň esasy mazmuny ýaşan asyry türkmen halkynyň taryhynyň örän çylşyrymly döwürleriniň birine gabat gelen hem-de döredijiligi, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazyşy ýaly, dostluk, garaşsyzlyk, berkarar döwleti gurmak baradaky maksatlara häzirki günlere çenli hem hyzmat edýän Magtymguly Pyragynyň durmuşy baradadyr. Perde galdyrylýar we sahnada beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň eserlerinden maňzyňa batýan setirler ýaňlanýar. Bu şahyrana sözleriň çuňlugy we parasatlylygy şol sözlere, hakykatdan-da, edebilik häsiýetini berdi, şoňa görä-de, şeýle setirleriň her biri häzire çenli hem beýik Pyragynyň watandaşlarynyň ýüreginde orun tutýar. Sahna eseri tomaşaçylary asyrlardan aşyryp, şol döwrüň ýagdaýlaryny we türkmen obasynyň durmuşyny, ahlak sypatlaryny, adamlaryň däp-dessurlaryny, nesilleriň özara gatnaşygyny janlandyrýar. Biz Magtymgulynyň kakasyny — ajaýyp şahyr we akyldar Döwletmämmet Azadyny görýäris. Ol ogluna parasatlylygyň, ahlaklylygyň ilkinji sapaklaryny berdi hem-de onda çagalygyndan ýokary watançylygy, şygryýete söýgini, dünýä we hakykata akyl ýetirmäge bolan ymtylmany terbiýeledi. Biz onuň ejesiniň örän näzik söýgüsini duýýarys. Ene oglunda mähirli, özgäniň ýagdaýyna rehimli duýgyny, kalbynda gözellige we ýagşylyga bolan söýgini terbiýeledi. Aýry-aýry sahnalarda şahyryň ýaşlyk ýyllary, Meňli gyza bolan joşgunly söýgi, iň gowy dostlaryňa ýürekden wepalylyk we ygrarlylyk duýgulary, şahyryň syýahatlary barada gürrüň berilýär. Şol syýahatlary wagtynda ol gözleglerini dowam etdirip, iň oňat mugallymlarynyň we ruhy halypalarynyň elinde bilim almagyny dowam edýär. Sahna oýnunda şahyryň köptaraply keşbi ör-boýuna galýar — ol ata Watanyň azatlygy we ildeşleriniň bagtly bolmagy ugrunda janyny bermäge taýýar watançy, dünýäniň gurluşynyň esaslaryna akyl ýetirmäge ymtylýan alym, adamlary agzybirlige we jebislige çagyrýan hoşniýetli ilçi, kümüşden şaý-sep ýasamak işleriniň ussady. Şahyr kümüş ussasy hökmünde ýasan işlerinde, şygyrlarynda bolşy ýaly, barlygyň sazlaşyklylygy baradaky pikiri beýan edýär. Teatr çykyşlaryna Türkmenistanyň şu güni barada gürrüň berýän häzirki zaman türkmen şahyrlarynyň eserleri hem girizildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeçil, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Watanymyz döredijiligiň we rowaçlygyň ýolunda ägirt uly üstünliklere ýetdi, halkara derejede abraýy görlüp-eşidilmedik derejede ýokary göterildi. Magtymguly Pyragynyň gülläp ösýän döwlet, halkyň parahat, dostlukly we bagtyýar durmuşy baradaky arzuwlary, umytlary we niýetleri ýurdumyz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň, hakykata öwrüldi. Bu baradaky baş pikiri oýny taýýarlanlar tomaşaçylara ýetirýär. Sahna eseri milletiň taryhy ykbalynda hem-de türkmen halkynyň ruhy durmuşynda şahyryň eýelän deňsiz-taýsyz ornuny açyp görkezýär. Medeniýet hepdeliginiň baýramçylyk çäreleriniň üçünji güni Gerkez obasynyň ýanyndaky Düýedaş diýen tebigatyň ajaýyp dag jülgesinde Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň aýdymçylarynyň hem-de döredijilik toparlarynyň konserti bilen tamamlandy.