Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 21.06.2019
1143

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin amatly şertleri döretmek we kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2019 — 2020-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara öwrediji kompýuterleri sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine: Türkmenistanda öndürilen 80 000 sany öwrediji kompýuteri satyn almak, 2019-njy ýylyň 25-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga; Türkmenistanda öndürilen 73 885 sany öwrediji kompýuteri satyn almak, 2019-njy ýylyň 25-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. *** Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde medeniýeti, aýdym-saz, teatr, kino hem-de şekillendiriş sungatyny, telewideniýäni, radiony, metbugaty, neşirýat ulgamyny, kitaphanalary, muzeýleri we medeni-dynç alyş edaralaryny ösdürmek, döredijilik işgärlerini ylham dünýäsine ruhlandyrmak, şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliklerini türkmen halkynyň milli toýlaryna mahsus görnüşde şatlyk-şowhunly, ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2020-nji ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek bellenildi we bu hepdeligi geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Medeniýet ministrligine, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna we Daşoguz welaýatynyň häkimligine Medeniýet hepdeliginde sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça medeni çäreleriň geçirilmegini we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegini üpjün etmek tabşyryldy. *** Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de olaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, şeýle hem önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, beýleki edara-kärhanalara «KAMAZ» kysymly awtoulaglaryň, ýörite tehnikalaryň uly toplumyny we ätiýaçlyk şaýlaryny tapgyrlaýyn satyn almak barada «KAMAZ FTC CORP.LLP» kompaniýasy (Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygy) bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Soňky habarlar
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
top-arrow