Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Sloweniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Sloweniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 17.06.2019
870

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Branko Rakowesden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we oňa Türkmenistan bilen Sloweniýanyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak işinde üstünlik arzuw etdi. Hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, ilçi öz gezeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öz ýurdunyň ýolbaşçy düzüminiň aýdan mähirli sözlerini ýetirdi we iki döwletiň abadançylygynyň bähbidine özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmek ugrunda ähli bilim tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Gürrüňdeşligiň dowamynda dostlukly ýurduň Doly ygtyýarly wekili döwlet Baştutanymyzyň ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegi esasy ugur edinýän içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ylym, bilim, sport we syýahatçylyk ugurlaryny ösdürmek boýunça ähmiýetli maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilişine aýratyn ähmiýet berildi. Türkmenistanda sebitleriň düzüm bölegini ösdürmek, aýratyn-da, oba ýerlerinde döwrebap mekdepleri, hassahanalary, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralaryny, medeni, sport we sagaldyş merkezlerini gurmaga möhüm üns berilýändigi bellenildi. Ilçi şeýle hem mejlisiň köpugurly işi we onuň demokratik özgertmeleri amala aşyrmakda eýeleýän orny bilen tanyşdyryldy. Sloweniýa Respublikasynyň ilçisi ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, şol sanda parlamentara gatnaşyklar ulgamynda, iri halkara guramalary, öňi bilen bolsa BMG-niň we Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde ýola goýulýan türkmen-slowen hyzmatdaşlygynyň ösüşine ýokary baha berdi. Bu ugur Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynda möhüm orun eýeleýär. Ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine ýokary baha berip, ilçi iki ýurduň söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk we derman senagaty ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleriň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem bilim we medeniýet ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine garaldy.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow