Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 14.06.2019
1168

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek hem-de ýaşlaryň hünär taýýarlygyny we iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň maksatnamasy we şu maksatnamany durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. * * * Ýurdumyzyň häzirki zaman bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmek we olary höweslendirmek boýunça çäreler toplumyny işläp düzmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşary ýurt maýa goýumlary boýunça pudagara topar döredildi we bu toparyň düzümi hem-de topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

Soňky habarlar
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
top-arrow