Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmenistanyň hokkeý boýunça çempionaty badalga aldy
Sport
Türkmenistanyň hokkeý boýunça çempionaty badalga aldy
Çap edildi 20.01.2015
2044

Şu ýanwar günleri paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça ikinji çempionat badalga aldy. Onuň oýunlary şu ýyl paýtagtymyzyň buzly meýdançalarynyň birbada ikisinde — Gyşky oýunlar sport toplumynda we Içeri işler ministrliginiň institutynda geçirilýär. Altyn medallar ugrunda bäsleşige toparlaryň sekizisi: ýurdumyzyň birinji çempionatynyň ýeňijisi «Galkan» topary, geçen ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň eýesi — «Şir» topary, şol halkara ýaryşlarynyň kümüş medalynyň eýesi — «Oguzhan» topary, «Nesil», «Merdana», «Watançy», «Alp Arslan» toparlary hem-de «Bürgüt» topary gatnaşýarlar. Häzire çenli bäsleşikleriň ikisi geçirilip, olarda «Galkan» — «Nesil» hem-de «Oguzhan» — «Bürgüt» toparlary duşuşdylar. Birinji oýnuň ilkinji minutlarynda şaýbany tora salan «Nesliň» hokkeýçileri öz artykmaçlygyny oýnuň ahyryna çenli saklamagy başardylar. Emma oýnuň soňky minudynda olar ýalňyşlyga ýol berdiler we bäsdeşler 1:1 hasaby bilen arakesmä çykdylar. Arakesmeden soň, «Galkanyň» oýunçylary köplükde tapawutlandylar we jemleýji oýnuň öňýanynda 3:1 hasaby bilen artykmaçlyk gazandylar. «Galkan» topary oýnuň üçünji bölümini goranmak bilen geçirse, «Nesil» toparyna hüjüme geçmekden başga ýol galmady. Emma IIM-niň institutynyň talyplaryna oýnuň ýagdaýyny üýtgetmek başartmady we eminiň jürlewüginiň sesi «Galkanyň» 6:3 hasabynda ýeňiş gazanandygyny aňlatdy, ol ilkinji 3 utugy toplap, ýaryş sanawynda ýokarky hatary eýeledi. ürkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda 2014-nji ýylda geçirilen Halkara ýaryşyň wise-çempiony «Oguzhan» toparynyň hokkeýçileri oýun wagtynyň 50 minudyna golaý döwrüniň dowamynda «Bürgütden» bolan bäsdeşlerine — Sport baradaky döwlet komitetiniň okuwçylaryna hötde gelip bilmediler. Üçünji döwrüň sekizinji minudy aýgytlaýjy bolup, ol duşuşygyň ykbalyny çözdi. «Oguzhanyň» hüjümçisi bäsdeşleriniň derwezesine iki gezek hüjüm etdi. Goşa nokdaundan soň «Bürgüdiň» hokkeýçileri aýňalyp bilmediler we netijede 4:0 hasaby bilen ýeňlişe sezewar boldular. Ýurdumyzyň hokkeý çempionatynyň ilkinji oýunlarynyň netijeleri uly täsir döretmedi. «Galkanyň» we «Oguzhanyň» tejribe we ussatlyk toplaýan «Nesliň» we «Bürgüdiň» üstünden gazanan ýeňişleri çaklanypdy. Muňa garamazdan, ýaş hokkeýçileriň türkmen hokkeýiniň liderlerine tutanýerli garşylygy täze çempionatyň gyzykly oýunlary peşgeş berjekdigine ynam döredýär. Ýeri gelende ýatlatsak, oýunlar birnäçe aý dowam eder we iýunda tamamlanar. Ýurdumyzyň çempionatyna gatnaşmakdan başga-da, türkmen hokkeýçileri fewral aýynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň hormatyna geçiriljek milli ýaryşa taýýarlyk görýärler. Bu ýaryşa toparlaryň sekizisi gatnaşar hem-de olaryň ussatlygynyň artmagy ýokarda ady agzalan hokkeý toparlarynyň islendigi şol ýaryşyň ýeňijisi bolup biljekdigini çaklamaga mümkinçilik berýär.

Soňky habarlar
12.03
Türkmenistanyň himiýa senagaty: ösüşiň we eksportyň täze ugurlary
11.03
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň belent ruhy bilen
11.03
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.03
Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň, durnuklylygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň binýadyny pugtalandyrmaga goşant
10.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik liderini gutlady
10.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 611 müň dollaryndan gowrak boldy
09.03
Halkyň abadan durmuşy baradaky alada — döwlet syýasatynyň esasy ugry
08.03
Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara
08.03
Zenanlar we çagalar baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
08.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara zenanlar güni mynasybetli GUTLAGY
top-arrow