Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda
Syýasy habarlar
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda
Çap edildi 01.12.2018
5695

1-nji madda Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 83 868,3 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 21 501,2 mln. manat möçberde tassyklamaly. 2-nji madda Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 76 604,8 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 14 237,6 mln. manat möçberde tassyklamaly. 3-nji madda Umumydöwlet salgytlaryndan Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerine geçirmeleriň 2019-njy ýyl üçin kadalyk ölçeglerini şu aşakdaky möçberlerde bellemeli:

goşulan peýdadan ýerasty baýlyklardan
baha üçin alynýan peýdalanmak
salgytdan salgytdan üçin salgytdan
Aşgabat şäheri 4,0% 4,3% 4,0%
Ahal welaýaty 95,0% 95,0% 95,0%
Balkan welaýaty 16,0% 14,8% 16,0%
Daşoguz welaýaty 95,0% 95,0% 95,0%
Lebap welaýaty 95,0% 95,0% 95,0%
Mary welaýaty 58,0% 57,4% 58,0%
4-nji madda 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden welaýatlaryň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin olara 1 513,8 mln. manat möçberde serişdeleri bölüp bermeli, şol sanda:
Ahal welaýaty 187,2 mln. manat
Daşoguz welaýaty 1 104,1 mln. manat
Lebap welaýaty 222,5 mln. manat
5-nji madda Ýerli býujetleri 8 777,4 mln. manat möçberde, şol sanda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerini aşakdaky möçberlerde tassyklamaly:
Aşgabat şäheri 1 683,1 mln. manat
Ahal welaýaty 1 149,1 mln. manat
Balkan welaýaty 1 003,9 mln. manat
Daşoguz welaýaty 1 556,4 mln. manat
Lebap welaýaty 1 800,5 mln. manat
Mary welaýaty 1 584,4 mln. manat
6-njy madda Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýip bellemeli. 7-nji madda Býujet ýetmezçiliginiň emele gelen ýagdaýynda döwlet nesýe almalaryndan gelen serişdeler we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda býujet serişdelerinden emele gelen galyndylary maliýeleşdiriş çeşmeleri bolup durýar diýip bellemeli. 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet býujetine beýleki çeşmelerden gelip gowuşýan goşmaça girdejiler, şeýle hem girdejileriň çykdajylardan artyk gelen pul möçberleri, birinji nobatda döwlet nesýe almalary boýunça bergini üzmek üçin gönükdirilýär diýip bellemeli. 8-nji madda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlaryndan, kararlaryndan we buýruklaryndan gelip çykýan zerur bolan takyklamalary Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň görkezijilerine girizmegi, şeýle hem Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilmeginiň barşynda ähli çykdajy maddalary boýunça tygşytlanan serişdeleri zerur bolan ýagdaýlarda beýleki çykdajy maddalara gönükdirmegi tabşyrmaly. Türkmenistanyň Prezidenti GurbangulyBerdimuhamedow Aşgabat şäheri. 2018-nji ýylyň 1-nji dekabry. № 96-VI.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow