Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Panamanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Panamanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady
Çap edildi 29.11.2018
1308

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Panama Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Migel Umberto Lekaro Barsenasdan ynanç hatyny kabul etdi. Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlikler arzuw etdi. Ilçi türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda milli Liderimize öz ýolbaşçylarynyň adyndan hoşallyk sözlerini hem-de Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösmegi we rowaçlanmagy baradaky arzuwlaryny ýetirip, iki döwletiň we halklaryň abadançylygynyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin tejribesini we bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Ilçi tutuş dünýä jemgyýetçiliginde bolşy ýaly, Panamada hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Açyk gapylar” syýasatyna, ählumumy howpsuzlygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryna ýokary baha berilýändigini belledi. Türkmenistanyň halkara ulag ýollaryny gurmak baradaky ägirt uly taslamalary durmuşa geçirmekdäki tagallalary uly goldawa mynasyp bolýar. Amerika yklymynyň deňiz-üstaşyr ýollary hökmünde Panama Respublikasynyň tejribesi hem uly ähmiýete eýedir. Söhbetdeşligiň barşynda ilçä döwlet Baştutanymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlary barada habar berildi. Şol syýasatda dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän döwletleri, şol sanda Latyn Amerikasynyň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga möhüm orun berilýär. Şeýle hem milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryny hem-de türkmenistanlylaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge uly üns berildi. Durnukly ösüş maksatnamalary babatda ýurdumyzda gazanylan üstünlikler barada durlup geçildi. Panamanyň Doly ygtyýarly ilçisi şeýle hem türkmen parlamentiniň düzümi we köpugurly işi bilen tanyşdyryldy. Duşuşygyň barşynda dostlukly ýurtlaryň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde döwletara gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Ulag, deňiz gatnawlary, syýahatçylyk ulgamlary işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin geljegi uly ugurlar hökmünde görkezildi. Şeýle hem iki dostlukly halkyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýmagyň wajypdygy bellenildi. *** Şu gün Panama Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Şol ýerde umumy gyzyklanma bildirilýän türkmen-panama gatnaşyklarynyň dürli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Medeni maksatnamanyň çäklerinde jenap Migel Umberto Lekaro Barsenas “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp görer, şeýle hem Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň gymmatlyklary we Aşgabadyň beýleki ajaýyp ýerleri bilen tanşar.

Soňky habarlar
09.05
Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY
08.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
08.05
«Türkmennebit» döwlet konsernine «Nur Mimar» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamana baglaşmaga ygtyýar berildi
08.05
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny açylar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
top-arrow