Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Latwiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Latwiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady
Çap edildi 28.11.2018
1324

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Latwiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mihails Popkowsdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki halkyň dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, iki ýurduň bähbidine türkmen-latyş gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Duşuşygyň dowamynda Mihails Popkows döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine giň hyzmatdaşlygy ýola goýmak şol syýasatyň möhüm ugrudyr. Milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň, döwlet maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns çekildi. Şeýle hem ylym-bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeler, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň ösdürilmegine ylmy-tehniki ösüşiň gazananlarynyň ornaşdyrylyşy barada aýdyldy. Ilçi türkmen parlamentiniň düzümi hem-de kanunçykaryjylyk işi bilen hem tanyşdyryldy. Diplomat ýurdumyzyň uly üstünliklerine tüýs ýürekden gyzyklanmasyny beýan edip, döwletara gatnaşyklary ösdürmek üçin köptaraply mümkinçiligiň bardygyna ynam bildirdi. Hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, gatnaşyklary ösdürmegiň, şol sanda “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” görnüşinde ösdürmegiň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alşyldy. Ynsanperwerlik ulgamynda, hususan-da, ylym we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, saglygy goraýyş, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek ugry özara hereketleriň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda agzaldy. Şeýle hem parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygy nygtaldy. *** Şu gün Latwiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Ykdysady ulgamda özara gatnaşyklaryň geljegi Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçirilen duşuşygyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow