Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygyny kabul etdi
Çap edildi 28.11.2018
1588

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýanyň holdinginiň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge hem-de özara bähbitli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Milli Liderimiz Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen, ilkinji nobatda, öňdebaryjy dünýä kompaniýalary bilen netijeli işewür gatnaşyklary üçin hemişe açykdygyny belläp, türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň däbe öwrülen dostlukly häsiýetini belledi. Ýangyç-energetika ulgamy bu hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda durmuşa geçirýän strategiýasyny nazara almak bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar. Şol strategiýa pudaklaýyn düzümi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga, gaz çykarýan we gaýtadan işleýän pudagyň kuwwatlyklaryny artdyrmaga, gaz hem-de nebithimiýa senagatyny ösdürmäge we dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän bäsdeşlige ukyply önümleri çykarmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, “Gazpromyň” türkmen gazyny satyn almagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda gaz ulgamynda 2028-nji ýyla çenli hyzmatdaşlyk etmek hakynda hereket edýän hökümetara ylalaşygy binýatlyk resminama bolup durýar, şonuň esasynda taraplar degişli işleri geçirýärler. Gaz çykarmak we gazy gaýtadan işlemek, «Orta Aziýa — Merkez» gaz geçirijisi boýunça gaz ibermegiň mümkinçilikleri gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Aýratyn bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň hem-de “Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň hyzmatdaşlyk edip gelýän köp ýyllarynyň dowamynda özara gatnaşyklaryň baý tejribesi toplandy, bu bolsa ýakyn geljekde zerur bolar. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, okgunly barýan ylmy tehnologiýa ösüşi, şeýle hem bar bolan köpugurly mümkinçilikler işewür gatnaşyklary berkitmek hem-de şolara has depginli häsiýeti bermek üçin amatly şertleri döredýär. Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we myhman Türkmenistanyň hem-de “Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň umumy bähbitlere kybap gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow