Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 26.11.2018
1390

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan toplumlaýyn we uzak möhletleýin, raýatlaryň ömür dowamlylygyna oňyn täsir edýän saglygy goraýyş syýasatyny dünýä döwletlerine giňden ýaýmak hem-de ýokanç däl keselleriň öňüni almaga we olaryň garşysyna göreşmäge gönükdirilen çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek” atly ikinji ýokary derejeli halkara maslahatyny 2019-njy ýylyň 9 — 10-njy aprelinde Aşgabat şäherinde ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasy bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Ýewropanyň ministrler derejesindäki maslahatyny geçirmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmäge ygtyýar berildi. Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna bu halkara maslahaty guramaçylykly geçirmekde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine ýardam bermek tabşyryldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen alyp barýan netijeli hyzmatdaşlygyny hem-de uzak möhletleýin esasda bilelikde geçirýän çärelerini mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine 2018-nji ýylyň 6 — 7-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi” atly ministrler derejesinde halkara maslahaty hem-de 3 — 7-nji dekabry aralygynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň “Ýüpek ýoly” atly ugur boýunça Utgaşdyryjy komitetiniň bäşinji mejlisini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow